Şu ýylyň mart aýynyň 16–19-y aralygynda Parižde “LIVRE PARIS” ady bilen 38-nji kitap sergisi geçiriler. Bu sergi Ýewropanyň iň iri kitap sergileriniň biridir. Neşirýatçylar, ylym we bilim ýolbaşçylary täze bir zat döretmek maksady bilen Parižde jemlenýärler. Pariž kitap sergisi ylmy we okuw kitaplaryny ýaýratmak üçin dünýä derejesindäki iň möhüm meýdançadyr. Bu çäre adatça, dünýäniň habar beriş serişdelerinde giňden seslenme tapýar we dünýä jemgyýetçiliginde işjeň gyzyklanma döredýär. Serginiň ekspozisiýasy giň okyjylar köpçüligine, şol sanda alymlara, alymlyk derejesini goraýanlara, mugallymlara, talyplara we dalaşgärlere niýetlenendir.
Her ýylda dünýäniň bir ýurdy serginiň hormatly myhmany bolýar. Şu ýyl Russiýa Federasiýasy serginiň hormatly myhmany hökmünde çagyryldy. 1981-nji ýyldan bäri geçirilýän bu serginiň çäklerinde kitap önümlerini ýaýratmak we onuň elýeterliligi, ylmy işleriň awtorlyk hukugy we başga-da birnäçe meselelere bagyşlanan 800-den gowrak dürli çäreler guralýar.