Hazirki wagtda penjireleriň önümçiliginde adatça, alýuminden ýa-da plastmassadan peýdalanylýar. Şwed hünärmenleriniň taýýarlan penjireleri bolsa has üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Öýleriň we iş ýerleriniň ýagtylandyrylmagynyň energiýany tygşytlamaga peýdasynyň uludygy hemmä mälimdir. Sebäbi otagyň içine ýagtylyk näçe köp düşse, ýylatmak we ýagtylyk üçin has az energiýa sarp edilýär. Şwesiýanyň Tehnologiýa institutynyň hünärmenleri aňyrsy görnüp duran tagta penjireleri öndürmegi başardylar. Dury tagtalar owadanlyk taýdan beýlekilerden tapawutlanýar. Ösümlikleriň düzüminde bar bolan lignin maddasy oňa berklik we reňk berýär. Hünärmenler tagtadaky lignin atly bu maddany dolulygyna onuň düzüminden aýranlarynda, ol ak reňke öwrüldi. Soňra bolsa bu ak tagtany reňksiz etmek üçin onuň düzümine başga bir madda goşdular. Onuň ýagtylyk geçirijiligi 85 göterim. Şeýle tagtalaryň bahasynyň amatly boljakdygy aýdylýar. Bu tagtalaryň Gün panelleri hökmünde hem ulanylmagyna garaşylýar.