Sowuk gyş günlerinde ýollardaky buzlary eretmek üçin duz sepilýär. Eýsem, duz buzy nädip eredýärkä? Aslynda, duz buzuň ereýän derejesini peseldýär. Ýagny buz basyşa baglylykda 0 ýa-da 1 derejede eräp başlaýan bolsa, onuň has sowuk howada, mysal üçin -3 derejede eremegine sebäp bolýar. Himiýa sapagyndan bilşimiz ýaly, arassalygy üýtgän düzümine başga maddalar goşulan suwuklyklar has sowuk howada hem doňmaýar. Sürçek ýollara duz sepilmeginiň sebäbi himiýanyň bu kadasyna görä, amala aşyrylýar. Buzuň ýa-da başga suwuklygyň ereýän ýylylygyny peseltmek üçin başga madda hem ulanylyp bilner. Mysal üçin, suwa şeker goşulanda-da, onuň doňýan derejesi peselýär.