Adamzat ählini hormatlan, kalbynda Watana söýgüsi joşup duran, Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkymyzyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy “Dert bolmaz” atly goşgusynda:
Eşit, adam, dogan ilden
Gaýry mähriban ýurt bolmaz
– diýip, Watan hakyndaky düşünjäni has belentliklere çykarýar. Çünki, türkmen üçin Watandan eziz gaýry zat ýok. Beýik Biribardan soň ene topragyň mertebesini depesine täç edinýän halkymyz bu mähriban ýurdy “Başlarymyzyň täji, gözlerimiziň nury” diýip söýgüläpdir. Olara Watan topragynda äden her bir ädimleri güýç-kuwwat beripdir. Watan ezizdir, mähribandyr. Bu topragyň ynsana täsiri juda üýtgeşik, ol edil mährem ene ýaly, goýnunda kemala gelenleri söýgi-alada bilen gurşaýar.
Rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: soltan Jelaleddin söweşde agyr ýaralanypdyr. Öňler dessine aýak üstüne galyp, sagalyp gidýän Jelaleddiniň tenine düşen ýaralaryň bitmesi kyn bolupdyr. Tebipdir lukmanlar dürli görnüşli melhemler ulanypdyrlar, emma netije bermändir. Ahyry soltanyň özi: “Maňa öz topragymyň gumuny, Jeýhunyň suwuny getiriň. Watan topragy ähli derde derman, iň agyr ýara melhemdir” diýipdir. Aýdyşy ýaly, Watan topragyny ysgap, suwuny içenden soňra soltanyň ýagdaýy görnetin gowulanypdyr. Tiz wagtdan hem derdinden gutulypdyr. Çünki öz topragyň ot-çöpi we suwy ýaly melhemlik täsiri bolan başga zady hiç bir ýerden tapyp bolmaz. Garagumuň bir penje mele çägesini maňlaýyňa togap etmegiň, Hazaryň joş urýan mawy suwunda gulaçlamagyň, däli Jeýhunyň şerbet suwundan teşne kalplary gandyrmagyň özi tapylgysyz bagt.
Gurbannazar Ezizow “Toprak” diýen goşgusynda:
Ilkinji sözümi senden başladym,
Duzuňy syladym – ýalan ýazmadym.
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym,
Diňe seniň ýazyň bilen ýazladym.
Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim,
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men.
Sen bolansoň, dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik, şatlygy bilen
– diýip, uly joşgun bilen ýazypdyr. Bu setirleri okanyňda, Watan gymmatyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara sargytlary hem hemişe aňymyzda gaýtalanyp dur. “Watan biziň ählimiz üçin bagtyýarlygyň baş şertidir, döwletliligimiziň, ruhubelentligimiziň gönezligidir”. Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýeti pederlerinden gaýdýar. Munuň aýdyň mysalyny biz hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” atly ajaýyp romanynda ýaşajyk Mälikgulynyň:
Şuny mydam ýatda saklaň, dostlarym,
Ýürekleň buýsanjy Watandyr, Watan!
Watana sežde etmek hökman, dostlarym,
Pederleň daýanjy Watandyr, Watan
– diýen ýürekden çykan sözleriniň üsti bilen hem aýdyň duýup bilýäris. “Garaşsyzlyga guwanmak,Watany, halky söýmek bagtdyr” diýýän milli Liderimiz ata Watanymyzy jandan ezizläp söýmegi, oňa wepaly gulluk etmegi bagtyň ulusy hasap edýär.
Eziz Diýarymyzyň häzirki bagtyýarlyk döwri nesillerimizde çuňňur watançylyk duýgularyny oýarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýokary terbiýeçilik ähmiýetli “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly mähriban halkyna peşgeş beren kitaby ýaşlary ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde esasy gollanma bolup durýar.
Beýleki jemgyýetçilik guramalary, bilim-terbiýeçilik edaralary bilen bir hatarda biz hem Watançylyk temasyndaky wagyz-nesihat işlerimiziň täsirli, ýatdagalyjy bolmagyna çalyşýarys. Watany söýmegiň buýsançdygy, Watany goramagyň belent mertebedigi gursagyna guýlan her bir raýat, şol sanda ýaşlarymyz hem Watany gursagynda saklap, ony ýüreginiň her bir gürsüldisinde duýup ýaşaýarlar. Çekýän zähmetimiz, edýän işimiz ata Watanymyzyň abraýyna abraý, ulus-ilimiziň mertebesine mertebe goşsa, şondan uly bagt ýok. Parahat ýaşamaga, okamaga, halal zähmet çekip, Watana gulluk etmäge giň mümkinçilik döredilen, iýjegiň, geýjegiň bol tapdyryp duran ýurtda ýaşamakdan zyýat näme bar?!
Bagtyýar raýatlarymyza şeýle eşretleri paýlaýan, halkynyň erkana, azat durmuşda ýaşamagyny özüniň baş maksady hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Jumagül Hojaýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.