Hepdäniň penşenbe güni başlanan 68-nji Halkara Berlin film festiwalynda 19 kino baş baýrak ugrunda bäsleşer. Şol filmleriň arasynda amerikaly Gas Wan Sentiň “Alada etme, ol aýakýalaňaç uzaga gitmez”, fransiýaly Benua Žakonyň “Ewa”, tanymal režissýor Wes Andersonyň “Itler adasy”, filippinli Law Diazyň “Şeýtanyň möwsümi”, russiýaly Alekseý Germanyň “Dowlatow”, italiýaly Laura Bispuriniň “Meniň gyzym”, polşaly Malgožata Şumowskaýanyň “Ýüz” ýaly ekran eserleri bar. 25-nji fewrala çenli dowam etjek “Berlinalede” eminlere germaniýaly meşhur režissýor Tom Tykwer baştutanlyk edýär. Eminler toparyna belgiýaly aktrisa Sesil de Frans, ispaniýaly fotosuratçy Hema Prado, amerikaly prodýuser Adel Romanski, ýaponiýaly kompozitor Rýuiçi Sakamoto hem-de amerikaly kino tankytçy Stefanie Zaharek dagy saýlandy. Festiwalda baş baýrak hökmünde “Altyn aýy”, iň gowy ikinji filme-de “Kümüş aýy” sylaglary gowşurylar.