“Ja­dy­göý” (The Witch) at­ly 2015-nji ýyl­da ek­ra­n­la­ra çy­kan il­kin­ji fil­mi bi­len köp­le­riň ün­sü­ni çek­me­gi ba­şa­ran re­žiss­ýor Ro­bert Eg­ger­siň su­ra­ta dü­şür­jek tä­ze ki­no­sy bel­li bol­dy. “The Light­hou­se” at­ly gor­ku­ly gör­nüş­dä­ki ki­noda baş keşp­le­ri “Ala­ga­raň­ky­lyk” (Twi­light) film­le­ri­niň ýyl­dy­zy Ro­bert Pat­tin­son bi­len ta­ny­mal akt­ýor Wil­lem Da­fo jan­lan­dy­rar. Fil­miň su­ra­ta al­nyş iş­le­ri­ne öňü­miz­dä­ki gün­ler­de ba­dal­ga ber­ler.

Os­kar­ly akt­ýor Tom Henks ýe­ne bir aw­to­bi­og­ra­fi­ýa gör­nüş­li ki­no­da su­ra­ta dü­şer. Us­sat akt­ýo­ryň tä­ze fil­mi “You Are My Friend” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. “Ýet­gin­jek gy­zyň gün­de­li­gi” (The Dia­ry of a Tee­na­ge Girl) fil­mi­niň re­žiss­ýo­ry Ma­ri­el­le Hel­le­riň su­ra­ta dü­şür­jek ki­no­sy meş­hur te­le­ýaý­lym­çy Fred Ro­jers ba­ra­da bo­lar. Ek­ran ese­ri­niň sse­na­ri­si­ni Mi­kah Fit­zer­man-Blu bi­len Noý Harps­ter bi­le­lik­de ýa­zar.

Dün­ýä bel­li fi­zik, alym Ni­ko­la Tes­la­nyň durmuşy ba­ra­da film su­ra­ta dü­şü­ri­ler. Mi­ha­el Al­me­reý­da­nyň re­žiss­ýor­lyk et­jek ki­no­syn­da baş keş­bi, Tes­la­nyň keş­bi­ni Itan Howk jan­lan­dy­rar. Film­de aý­ra­ty­nam, aly­myň Ame­ri­ka­da ýa­şan döw­ri, To­mas Edi­son bi­len gat­na­şy­gy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­ler. Ek­ran ese­ri ha­kyn­da­ky beý­le­ki mag­lu­mat­lar – sse­na­ri­çi­si, beý­le­ki keşp­le­ri jan­lan­dyr­jaklar gel­jek­ki gün­ler­de mä­lim edi­ler.