Ital­iýa­nyň barlag geçirijileri sun­ga­tyň uly ýaş­ly adam­la­ryň psi­ho­lo­gik we fi­zio­lo­gik ýagdaýyna ed­ýän tä­si­ri dog­ru­syn­da sy­nag ge­çir­di­ler. Hü­när­men­ler adam­la­ryň kar­ti­na­la­ryň ser­gi­si­ne bar­maz­dan öň we soň stres gor­mo­nlary­nyň de­re­je­si­ni öl­çäp, ge­len ne­ti­je­le­ri­ni mä­lim et­di­ler. Ital­ýan alym­la­ry sun­ga­tyň uly ýaş­ly ada­myň psi­hi­ki, psi­ho­lo­gi­ki we fi­zi­ki sag­ly­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi ba­ra­da­ky sag­dyn pi­ki­ri tas­syk­la­magyň ugruna çykdylar. Hü­när­men­ler öz na­za­ry­ýet­le­ri­ni tas­syk­la­mak üçin uly ýaş­ly adam­la­ryň to­pa­ry­ny we sy­ýa­hat edil­ýän bel­li ýe­ri saý­lap al­dy­lar.

Sy­nag Ita­li­ýa­nyň Ku­neo we­la­ýa­tyn­da­ky Wi­ko­fort şä­he­rin­de ýerleşýän ga­dy­my ga­la­da ge­çi­ril­di. Bu yba­dat­ha­na­nyň äh­li di­war­la­ry Gal­ky­nyş döw­rü­niň kar­ti­na­la­ry bi­len zy­nat­la­nyp­dyr. Bu ýerde sun­ga­ty sö­ýü­ji­ler üçin iki sa­gat­lyk ge­ze­lenç ge­çi­ri­lip, bu ýe­riň ta­ry­hy ba­ra­da gür­rüň be­rildi.
Sun­gat bi­len fi­zi­ki sag­ly­gyň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny öw­ren­ýän hü­när­men En­so Gras­si sy­na­ga gat­na­şy­jy­la­ryň ta­ry­hy ýe­re bar­maz­dan öň we soň ru­hy ýag­da­ýy­ny bar­lag­dan ge­çir­di. Hünärmenler sel­je­riş­leri de­ňeş­di­rip, stres gor­mon­la­ry­nyň 60 gö­te­rime çenli pe­se dü­şen­li­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar we meý­le­tin­çi­le­riň 90 gö­te­ri­mi öz­le­ri­niň ge­ze­lenç­den soň­ra ru­hy ýag­da­ýy­nyň we de­ňag­ram­ly­gy­nyň go­wu­la­şan­dy­gy­ny bel­läp geç­di­ler. Şeý­le­lik­de, alym­lar sun­ga­tyň ada­myň sag­ly­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi­ni su­but et­di­ler.