Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli gurdurýan binalary Gündogaryň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlyklary, öwüşgini bilen tapawutlanýar. Dünýäni haýrana goýýan birnäçe binalarymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa, munuň aýdyň subutnamasydyr.
Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşürilýän “Ömür kerweni” atly köp bölümli çeper filmde-de hormatly Prezidentimiziň gurluşyk ulgamynda alyp barýan beýik işleri giňden beýan edilýär. Filmiň edebi esasyny ýazanlar Guldurdy Sähetdurdyýew bilen Şirli Mollaýew. Filmiň esasy wakasy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, uly at-abraýa eýe bolan türkmen telekeçileriniň durmuşyndan gürrüň berýär. Bu filmiň 17 bölümi mawy ekran arkaly halk köpçüligine hödürlenipdi. Häzirki wagtda filmiň 18–19-njy bölümleri surata düşürilip, sepleýiş we ses beriş işleri amala aşyrylýar. Indiki surata düşüriljek 20-nji bölüm “Ata kesbi, ogla halal” diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde waka, esasan, filmiň baş gahrymany Gurt Annaýewiň ogluna berýän ata terbiýesi hakynda hem-de Durdy aganyň we onuň agtygy Jumanyň maşgalasynda bolup geçýär. Bu filmde türkmen telekeçileriniň gurýan gözel ymaratlary, paýtagtymyz Aşgabadyň gözellikleri wasp edilýär. Filmde diňe bir telekeçileriň çekýän zähmetleri däl, eýsem, olaryň maşgala-durmuş ýollary hem aýdyň beýan edilýär. Şeýle hem Watana bolan söýgi, hormatly Prezidentimize bolan buýsanç, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly oňat häsiýetler öňe sürülýär. Durmuşda öz ornuňy tapmak, Watanyňa, ene-ataňa, maşgalaňa wepaly bolmak ýaly oňat gylyk häsiýetler filmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Filmiň her bölüminiň dowamlylygy 30-40 minut bolup, olaryň hersinde bir waka tomaşaça ýetirilýär. Filmiň baş gahrymany Gurt Annaýew (Merdan Halmyradow) jan ýaly dosty Nurýagdynyň kömek-maslahat bermegi bilen ady belli telekeçi bolup gidýär. Iki dost Gurt bilen Nurýagdy bileleşip telekeçilik bilen meşgullanyp başlaýarlar. Günlerde bir gün, Nurýagdy dünýäden ötýär. Soňra Gurt Annaýew dostunyň ogly Kerwene kömek etmäge çalyşýar. Bu bolsa adamkärçiligiň belent sypatlaryndan nyşandyr.
Film “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Magtymguly etrabynyň obalarynda, Gökdepe etrabynyň Hurmant-Gökje obasynda, Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman obasynda, şeýle-de Aşgabat şäheriniň gözel künjeklerinde we gurluşyklaryň gidýän ýerlerinde surata düşürildi. Bu babatda filmiň ýokary derejeli suratkeşi Baýram Patyşagulyýew hem özüniň zehin-başarnygyny siňdirip bilipdir. Filmde kadrlaryň düşürilişi, çykyş edýän artistleri dürli planlarda surata düşürmek, owadan görnüşleri döretmek gönüden-göni režissýoryň görkezme bermegi esasynda filmiň operatoryna bagly bolup durýar. Bu babatda-da ýokary derejeli kinooperator Döwlet Hudaýberdiýewiň zähmeti hem mese-mälim duýulýar. Artistleri saýlamak, ssenaride görkezilen gahrymanlaryň häsiýetlerine görä artistleri tapmak, olaryň her haýsysy bilen tekstiň üstünde işläp, taýýarlyk geçmek, soňra kebşirleýiş, ses beriş we sepleýiş, saz, bezeg, ses bezeg işleri gönüden-göni kinorežissýoryň paýyna düşýär. “Ömür kerweni” kinoserialynyň awtory hem-de režissýory, aktýor, ençeme ilhalar filmleri we keşpleri döredip, halkyň aňynda galmagy başaran, Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýewiň ähli ukyp-başarnygyny, zehinini filme siňdirenligini hem aýtmagymyz gerek. Film surata düşürilip başlanyndan tä ahyryna çenli ähli guramaçylyk işlerini ýerine ýetirmek filmiň direktorynyň we onuň orunbasarynyň gerdenine düşýär. Bu babatda kinoserialyň direktory Gülşat Taýymowanyň zähmetiniň ýerine düşendigini hem aýtmagymyz gerek. “Ömür kerweni” kinoserialynyň 1-nji bölüminden tä ahyryna çenli keşp janlandyran artistler Merdan Halmyradowyň, Göwher Muhammetgulyýewanyň, Aýsoltan Kowusowanyň, Gerek Hojamämmedowanyň, Bagtyýar Abaýewiň, Şirin Ýazyýewanyň, Arslan Berdiýewiň, Öwez Gelenowyň, Muhammet Bekiýewiň, Gandym Annadurdyýewiň, Atamyrat Ataýewiň, Şirin Jumaýewanyň, Akmyrat Arçykowyň, Juma Atabaýewiň, Meýlis Kakajanowyň, Myrat Saryýewiň we beýleki artistleriň özlerine ynanylan keşpleri ussatlarça ýerine ýetirendiklerini filme tomaşa edeniňde aýdyň göz ýetirmek bolýar. Umuman, “Ömür kerweni” atly köp seriýaly çeper filmiň şowly çykandygyny bellemelidiris. Şu ýerde ýene-de bir zady aýdyp geçesim gelýär ol hem filmiň her seriýasy mawy ekranda görkezilenden soň, halk köpçüliginden şonuň dowamy nähili bolýar diýen bilesigelijilikli sowallary eşitmek diýseň ýakymly. Bu esasan hem 17-nji bölüm mawy ekrana çykanyndan soň, 18-nji bölümi surata düşürip ýören wagtlarymyz şeýle bolupdy. Sözümiň ahyrynda filmiň döredijilik toparyna mundan buýana-da döredijilik üstünlikleriniň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
Akmyrat Hojaberdiýew,
kino sungatyny öwreniji.