Dün­ýä­niň iň uly ki­no­fes­ti­wal­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Ber­li­na­le” ta­mam­lan­dy. 68-nji ge­zek ge­çi­ri­len fes­ti­wal­da baş baý­ra­ga – “Al­tyn aýy” sy­la­gy­na ru­myn fil­mi “Ma­ňa eli­ňi de­gir­me” (Nu ma atin­ge-ma) la­ýyk gö­rül­di. Adi­na Pin­ti­lie­niň su­ra­ta dü­şü­ren bu ki­no­sy “Al­tyn aýy” sy­la­gy­ny alan ikin­ji ru­myn fil­mi bo­lup, on­dan öň 2013-nji ýyl­da Ka­lin Pe­ter Net­ze­riň “Ça­ga­nyň su­ra­ty” (Po­zi­tia copi­lu­lui) at­ly ek­ran ese­ri “Ber­li­na­le­de” ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Emin­le­riň “Gran Pri” baý­ra­gy-da “Roý” (Twarz) fil­mi üçin pol­şa­ly ze­nan re­žiss­ýor Mal­go­ža­ta Şu­mows­ka gow­şu­ryl­dy. Us­sat re­žiss­ýor Wes An­der­son bol­sa, “It­ler ada­sy” (Is­le of Dogs) ani­ma­si­ýa­sy üçin iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy­ny eýe­le­di. Alf­red Baue­riň ady­ny gö­ter­ýän “Kü­müş aýy” sy­la­gy­na-da “Mi­ras­dü­şer ze­nan” (Las he­re­de­ras) fil­mi la­ýyk gö­rül­di. Fil­mi pa­rag­waý­ly Mar­se­lo Mar­ti­nes­si su­ra­ta dü­şür­di. Şu fil­miň ar­tis­ti Ana Brun iň go­wy akt­ri­sa diý­lip saý­lan­dy. Iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy­ny-da “Se­na” (La prie­re) fil­min­dä­ki keş­bi üçin En­to­ni Ba­žon ga­zan­dy. Iň go­wy sse­na­riý sy­la­gy-da “Mu­zeý” (Mu­seo) fil­mi­niň ede­bi esa­sy­ny ýa­zan­la­ra – Alon­so Ru­iz­pa­la­si­os bi­len Ma­nu­el Al­ka­la be­ril­di. Rus­si­ýa­ly re­žiss­ýor Alek­seý Ger­ma­nyň su­ra­ta dü­şü­ren “Dow­la­tow” fil­mi­niň hu­dož­ni­gi Ýe­le­na Okop­na­ýa iň go­wy çe­per­çi­lik be­ze­gi baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy.
1954-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Ber­lin film fes­ti­wa­ly We­ne­si­ýa we Kann film fes­ti­wal­la­ry bi­len bir ha­tar­da, dün­ýä­niň iň esasy 3 ki­no fes­ti­wa­lynyň biri ha­sap­lan­ýar. Her ýy­lyň few­ral aýyn­da ge­çi­ril­ýän fes­ti­wal­da umu­my­lyk­da 400-den gow­rak ki­no gör­ke­zil­ýär.