Hin­di ki­no sun­ga­ty­nyň meş­hur ýyl­dyz­la­ryn­dan, ta­ny­mal akt­ri­sa Şri­de­wi Ka­pur 54 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. 1963-nji ýy­lyň 13-nji aw­gus­tyn­da Hin­dis­ta­nyň Ta­mil-Na­du şta­tyn­da dün­ýä inen Şri­de­wi ça­ga­lyk­dan film­ler­de su­ra­ta dü­şüp baş­la­dy. Il­ki ta­mil film­le­rin­de dür­li keşp­le­ri jan­lan­dy­ran akt­ri­sa meş­hur­lyk ga­zan­dy­ran ki­no 1983-nji ýyl­da­ky “Him­mat­wa­la” fil­mi bo­lup­dy. 1987-nji ýyl­da­ky “Öz per­zen­di” (Au­lad) fil­mi-de onuň şöh­ra­ty­ny ha­sam art­dyr­ýar. Hin­di ki­no sun­ga­ty­nyň ägirt­le­rin­den diý­lip gör­ke­zil­ýän Şri­de­wi 2013-nji ýyl­da ýurt­da­ky iň uly sy­lag­la­ryň bi­ri bo­lan Pad­ma Şri baý­ra­gy­na la­ýyk gör­üldi. 1996-njy ýyl­da Bo­neý Ka­pur bi­len dur­muş gu­ran Şri­de­wi­niň 2 gy­zy bar. Öm­rü­ni ki­no sun­ga­ty­na ba­gyş eden akt­ri­sa ta­mil, te­lu­gu, kan­na­da, ma­la­ýa­lam, hin­di dil­le­rin­de je­mi 300-e go­laý film­de ulu­ly-ki­çi­li dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­dy. Onuň su­ra­ta dü­şen meş­hur ki­no­la­ry hök­mün­de “Au­lad”, “Ma­waa­li”, “Toh­fa”, “Chand­ni”, “Naya Ka­dam”, “Sad­ma”, “Na­gi­na”, “Naz­ra­na”, “Lam­he”, “Gum­rah”, “Him­mat­wa­la”, “Laa­dia”, “Ju­daai”, “Mom” ýa­ly film­le­ri ag­za­mak bo­lar. Akt­ri­sa on­lar­ça baý­ra­gyň hem eýe­si­dir.