Meýilleşdirilýän heýkeliň Şekspiriň belli portreti bilen meňzeş bolmagyna garaşylmaýar. Emin agzalary dramaturgyň döredijiliginiň bütin dünýä möhümdigini we ozalkylary ýaly aktualdygyny görkezýän konsepsiýadan ugur alýan işe garaşýarlar. Şekspiriň keşbinde göçme manyly tärleriň, simwoliki usullaryň ulanylmagy bäsleşigiň esasy şertleriniň biridigi mälim edilýär. Esasy mesele Şekspiriň döredijiliginiň häzirki zaman adamlarynyň duýgulary bilen sazlaşygyny, şeýle hem onuň köptaraplylygyny we ähli medeniýetler üçin zerurlygyny açyp görkezmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň guramaçylary bolup, Moskwanyň häkiminiň sargydy boýunça “Moskwanyň arhitektorlar bileleşigi”, şeýle hem Medeniýet we Daşary işler ministrliginiň ýardamy bilen Britan geňeşligi çykyş edýär. Moskwanyň Warwarka köçesinde oturdyljak bu ýadygärlik üçin ýüz tutmalar şu ýylyň 7-nji apreline çenli kabul ediler. Ýeňiji 26-njy aprelde dabaraly mälim edilip, pul baýragy bilen sylaglanar. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýaşy 35-den geçmeýän ýörite bilimi bolan heýkeltaraşlar, arhitektorlar, dizaýnerler, suratkeşler, şeýle hem bu ugurdan okaýan talyplar çagyrylýar.