Ki­no sun­ga­ty­nyň iň uly sy­la­gy bo­lan Os­kar baý­rak­la­ry­nyň ýu­bi­leý sa­ny — 90-njy gow­şu­ry­ly­şy uly da­ba­ra bi­len geç­di. Los An­je­les­dä­ki “Dol­by” te­at­ryn­da ge­çi­ri­len da­ba­ra ýyl­dyz­la­ryň gy­zyl ha­ly­dan ge­çiş­li­gi bi­len baş­lan­dy. 3 sa­gat 50 mi­nut­lap do­wam eden da­ba­ra­ny ko­me­di­ýa­çy Jim­mi Kim­mel alyp bar­dy.
Iň go­wy film baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si­ni bu ge­ze­gem we­te­ran ar­tist­ler – Wor­ren Bit­ti bi­len Fa­ýe Da­na­weý yg­lan et­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ola­ra ge­çen ýyl­ky da­ba­ra­da ýal­ňyş buk­ja ber­lip­di. Ola­ram il­ki “La La Lend” fil­miň ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy­ny ha­bar be­rip­di­ler. So­ňun­dan ýal­ňyş­lyk dü­zel­di­lip, iň go­wy film baý­ra­gy­ny “Aýyň ýag­ty­sy” ki­no­sy­nyň alan­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Aka­de­mi­ýa iki we­te­ran ar­tist­den ötünç so­ra­mak mak­sa­dy bi­len bu ýyl­ky iň go­wy film baý­ra­gy­nyň ýe­ňi­ji­si­ni ýe­ne-de ola­ryň yg­lan et­mek­le­ri­ni ha­ýyş edip­di.

Mek­si­ka­ly
re­žiss­ýor­la­ryň üs­tün­li­gi
90-njy Os­kar baý­rak­la­ryn­da “Su­wuň şe­ki­li” ki­no­sy iň go­wy film diý­lip saý­lan­dy. Öz­bo­luş­ly, fan­tas­tik, ko­me­di­ýa hem-de dra­ma gör­nüş­li bu film 13 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zi­lip­di. Bu ek­ran ese­ri şo­la­ryň 4-sin­de heý­kel­ji­gi eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Fil­mi su­ra­ta dü­şü­ren mek­si­ka­ly Gil­ler­mo Del To­ro iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. 53 ýa­şyn­da­ky Gil­ler­mo Del To­ro bu hor­ma­ta la­ýyk gör­len 3-nji mek­si­ka­ly re­žiss­ýor­dyr. On­dan öň Afon­so Kua­ron (2013) bi­len Ale­hand­ro Gon­za­les In­ýar­ri­tu (2014, 2015) iň go­wy re­žiss­ýor diý­lip saý­la­nyp­dy. Şeý­le-de Del To­ro­nyň karýerasyndaky 10-njy ki­no­sy bolan “Su­wuň şe­ki­li” fil­mi iň go­wy saz hem-de iň go­wy önüm­çi­lik be­ze­gi di­ýlen ugur­lar­dan-da Os­ka­ryň ýe­ňi­ji­si bol­dy. Fil­miň saz­y­ny ýa­zan fran­si­ýa­ly kom­po­zi­tor Alek­sandr Desp­la özü­niň 7-nji da­laş­gär­li­gin­de 2-nji Os­ka­ry­ny ýo­ka­ry gö­ter­di.

Ga­ra­şyl­ýan­lar ga­zan­dy
Iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy­ny “Tüm­lük wag­ty” fil­min­de keş­bi üçin us­sat akt­ýor Ga­ri Old­men eýe­le­di. Ol bu filmde Çerçilliň keşbini janlandyrýar. Oldmen Oskara ikin­ji ge­zek da­laş­gär gör­ke­zi­lip­di. Iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy­na “Eb­bing-Mis­su­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki üç bill­bord” fil­min­dä­ki keş­bi üçin Fran­sis Mak­Dor­mand la­ýyk gö­rül­di. Bu fil­miň baş­ga ar­tis­ti Sem Rok­well bol­sa, ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gyna-da “Men, Ton­ýa” fil­min­dä­ki keş­bi üçin El­li­son Jen­ni laýyk gö­rül­di.

iň ýa­şu­ly KINO IŞGÄRI
Mun­dan 3 hep­de ozal BAF­TA-da baş baý­ra­gy alan “Eb­binig-Mis­su­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki üç bill­bord” ki­no­sy­nyň iň go­wy film hem-de asyl sse­na­riý ugur­la­ryn­dan-da ýe­ňi­ji bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar­dy. Iň go­wy asyl sse­na­riý diý­len ugur­da “Çyk, da­şa­ry” fil­mi­ ýeňiş gazandy. Baýrak filmiň hem re­žiss­ýory, hem-de sse­na­ri­çisi bo­lan Jor­dan Pile gowşuryldy. Iň go­wy adap­tir­le­nen sse­na­riý baý­ra­gy bi­le­nem “Me­ni öz adyň bi­len ça­gyr” fil­mi­niň ede­bi­ esa­sy­ny ýa­zan Jeýms Aý­wo­ri sy­lag­lan­dy. 89 ýa­şyn­da­ky sse­na­ri­çi Os­kar baý­ra­gy­ny alan iň ýa­şu­ly ki­no iş­gä­ri bol­dy.

Ýe­ne-de “Pixar” ýe­ňi­ji
Iň go­wy ani­ma­si­ýa baý­ra­gy ýe­ne-de “Pixar” şe­re­ke­ti­niň­ki bol­dy. Li Unk­ri­çiň su­ra­ta dü­şü­ren “Ko­ko” mult­fil­mi iň go­wy ani­ma­si­ýa diý­lip saý­lan­dy. Bu mult­film­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len “Re­mem­ber Me” aý­dy­my-da iň go­wy aý­dym ug­run­da Os­ka­ry eýe­le­di. Ani­ma­si­ýa­nyň re­žiss­ýo­ry Unk­riç 2010-njy ýyl­da “Oý­na­waç­la­ryň he­ka­ýa­ty – 3” mult­fil­mi bi­le­nem bu hor­ma­ta my­na­syp bo­lup­dy. Da­şa­ry ýurt di­lin­dä­ki iň go­wy film baý­ra­gy­na çi­li­li re­žiss­ýor Se­bas­ti­an Le­lio­nyň is­pan di­lin­dä­ki “Aja­ýyp ze­nan” ki­no­sy la­ýyk gö­rül­di.

14-nji ge­zekde heý­kel­ji­gi aldy
Şu wag­ta çen­li 60-a go­laý film­de ope­ra­tor­lyk eden 68 ýaş­ly Ro­jer Di­kins ahy­ry Os­kar heý­kel­ji­gi­ni ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Ol “Tyg­da yl­ga­ýan 2046” fil­mi­niň ope­ra­to­ry hök­mün­de 14-nji ge­zek­ki sy­na­ny­şy­gyn­da ar­zy­ly heý­ke­li eýe­le­di. Il­kin­ji ge­zek iň go­wy re­žiss­ýor ug­run­da da­laş­gär gör­ke­zi­len Kris­to­fer No­la­nyň “Dýun­kerk” fil­mi 3 ugur­dan – iň go­wy mon­taž, ses hem-de ses mon­ta­žy baý­rak­la­ry­na my­na­syp bol­dy.

Os­kar­ly bas­ket­bol­çy
Bel­li bas­ket­bol­çy Ko­bi Bra­ýan­tyň sse­na­ri­si­ni ýa­zan “Hor­mat­ly bas­ket­bol” at­ly gys­ga göw­rüm­li ani­ma­si­ýa­sy-da Os­kar baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Iň go­wy grim baý­ra­gy “Hy­ýa­ly ýüp­lük” fil­mi­niň grim­çi­si­ne ber­len bol­sa, iň go­wy ma­ki­ýaž we saç be­ze­gi diý­len baýrak hem “Tüm­lük wag­ty” fil­mi­niň iş­gär­le­ri­ne gow­şu­ryl­dy.
Şeý­le-de iň gys­ga wagt­lyk gut­lag bi­len çy­kyş eden “Hy­ýa­ly ýüp­lük” fil­mi­niň grim­çi­si Mark Brij­jes ýö­ri­te goý­lan suw sku­te­ri baýragy bi­len sy­lag­lan­dy.