“Haçan-da, bu sena stadionda ýaňlananda, meniň inim tikenekläp gidýär”. Hawa, UEFA Çempionlar ligasynyň senasy baradaky bu sözler birwagtlaryň super futbolçysy, ukrainaly Andreý Şewçenko degişli. Şuňa meňzeş sözleri diňe Şewçenko däl, eýsem, başga-da birnäçe oýunçy dürli ýerlerde beýan edipdi. UEFA Çempionlar ligasynyň senasy, aslynda, germaniýaly kompozitor Georg Fridrih Gendeliň 1727-nji ýylda ýazan “Zadok the Priest” atly sazyndan ugur alnyp döredilýär. Bu ajaýyp senanyň sazy-da, sözleri-de angliýaly kompozitor Toni Britten tarapyndan 1992-nji ýylda ýazylýar. Aýratynam, futbol janköýerlerini özüne maýyl edýän bu sena şol ýylyň awgust aýynda-da ilkinji gezek eşitdirilýär. Şonda Britan şalygynyň filarmoniýasy tarapyndan çalnan senanyň aýdymyny “St. Martin’s in the Fields” akademiýasynyň hory ýerine ýetirýär. Häzirki güne çenli-de bu saz Çempionlar ligasyna degişli islendik platformalarda — futbol duşuşyklarynda, wideo-oýunlarynda, telegepleşiklerde elmydama ýaňlandyrylýar. Senanyň dowamlylygy 3 minuta golaý bolsa-da, aglaba onuň gysga nusgasy ulanylýar. Senanyň sözleri UEFA-nyň resmi dilleri bolan iňlis, fransuz hem-de nemes dillerindedir.