Pekiniň auksion öýi Sun dinastiýasy (960 – 1127-nji ýyllar) döwründe 1080-nji ýylyň sentýabrynda ýazylan haty auksiona çykardy. Bu del hatyň başlangyç bahasy söwdanyň dowamynda belli bolar.
Hytaý filosofy we ýazyjysy Szen Gun 124 ieroglifden ybarat bolan bu haty dostuna ýazan eken. Awtor öz hatynda dostuna hoşallygyny bildirip, ýurduň imperatorynyň özüni köşge gulluk etmäge çagyrýandygyny beýan edýär. Hytaý taryhçylarynyň soňky geçiren barlaglaryna görä, imperator Şenszun alymy hat üsti bilen çagyryp, öz köşgünden iş hödürlän eken. Bu maglumatlar auksionda satyljak hatyň bahasyny artdyrýar. Bu bolsa, gadymy golýazmalaryň muşdaklary üçin has-da gyzykly bolar.