“Marvel” şe­re­ke­ti­niň önü­mi bo­lan “Ga­ra Pan­te­ra” yl­my-fan­tas­tik baş­dan ge­çir­me fil­mi pro­kat­lar­dan top­lan gir­de­ji­si­ni 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çir­di. Ol şeý­le gör­ke­zi­jä ýe­ten şu ýyl­ky il­kin­ji ki­no bol­dy. 1 mil­liard 202 mil­li­on dol­lar­lyk kas­sa ýy­gy­my­ny top­lan ek­ran ese­ri il­kin­ji hep­de­sin­de 202 mil­li­on dol­lar ga­za­nyp­dy. 16-njy few­ral­dan bä­ri gör­ke­zi­lip ge­lin­ýän ki­no her hep­de­ki sa­naw­da-da bi­rin­ji­li­gi­ni sak­la­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. “Ga­ra Pan­te­ra” fil­mi ki­no sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­da 1 mil­liard dol­la­rdan ge­çen 33-nji ek­ran ese­ri diý­lip, ha­sa­ba alyn­dy. Şeý­le-de bu film hä­zir­ki wagt­da sa­naw­da 14-nji orun­da bo­lup, gör­ke­zil­işi­ do­wam e­d­ýän ki­no­nyň has hem ýo­kar­ky bas­gan­çak­la­ra beý­gel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. 200 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­len “Ga­ra Pan­te­ra” fil­mi ABŞ we Ka­na­da­nyň pro­kat­la­ryn­dan 612 million, dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň ki­no­teatr­la­ryn­da­nam 590 mil­li­on dol­lar ýyg­na­dy. “Marvel”-iň 17-nji fil­mi bo­lan “Ga­ra Pan­te­ra” ady agzalan şe­re­ke­tiň gir­de­ji­si­ni 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çi­ren 5-nji ki­no­sy­dyr. Şun­luk­da, “Marvel”-iň 17 fil­min­den ga­za­na­ny 14 mil­liard dol­lar­dan geç­di. Ra­ýan Kug­le­riň re­žiss­ýor­lyk eden fil­min­de Çed­wik Bo­uz­man, Maýkl B. Jor­don, Lu­pi­ta Nýong’o, Da­nai Gu­ri­ra, Mar­tin Fri­men, Da­ni­el Ka­lu­ýa, En­di Ser­kis ýa­ly ar­tist­ler dür­li keşp­le­ri jan­lan­dyr­dy. Şeý­le hem ýe­ne-de bir aý gow­rak wagt­dan, has ta­ky­gy, 27-nji ap­rel­de “Marvel”-iň başga bir fil­mi ek­ran­lar­da peý­da bo­lar. Köp­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan “Aven­gers: In­fi­ni­ty War” fil­min­de Gol­li­wu­dyň 30-a go­laý ýyl­dy­zy su­ra­ta düş­ýär.

Iň köp gir­de­ji ga­za­nan film­ler
Şu wag­ta çen­li iň köp girdeji ga­za­nan film­le­re se­re­de­ni­miz­de, sa­naw­da bi­rin­ji or­ny Gol­li­wu­da uly tä­ze­lik­ler gi­ri­zen, 2009-njy ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kan “Awa­tar” (Avatar) fil­mi eýe­le­ýär. Jeýms Ka­me­ro­nyň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky bu yl­my-fan­tas­tik ki­no 2 mil­liard 787 mil­li­on 965 müň 87 dol­lar ga­zan­dy. Bu bol­sa, äh­li za­ma­na­la­ryň gir­de­ji­li ki­nosy diý­mek­dir. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, hä­zir­ki wagt­da “Awa­tar” film­le­ri­niň 2–3-nji bö­lü­mleri­niň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri do­wam ed­ýär. 2-n­ji bas­gan­çak­da Jeýms Ka­me­ro­nyň baş­ga bir fil­mi, meş­hur “Ti­ta­nik” (Ti­ta­nic, 1997) ki­no­sy bo­lup, ol 1 mil­liard dol­la­ra ýe­ten il­kin­ji ek­ran ese­ri­dir. Leo­nar­do Di­Kap­rio bi­len Keýt Wins­le­tiň baş keşp­ler­de su­ra­ta dü­şen ta­ry­hy ki­no­sy soň-soň­lar 3D ul­ga­myn­da-da to­ma­şa­çylara ýe­ti­ri­lip, umu­my­lyk­da, gir­de­ji­si­ni 2 mil­liard dol­lar­dan ge­çir­di (2 mil­liard 187 mil­li­on 463 müň 944 $). Gir­de­ji­si­ni 2 mil­liard dol­lar­dan ge­çi­ren baş­ga bir ki­no-da “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: güýç oýan­ýar” (Star Wars: The Force Awa­kens) fil­mi­dir. 2015-nji ýyl­da halk köp­çü­li­gi­niň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ri­len bu film 2 mi­liard 68 mil­li­on 223 müň 624 dol­lar­lyk kas­sa ýy­gy­my­ny top­la­dy. Umuman häzirlikçe diňe 3 film 2 milliard dollarda köp girdeji gazandy. 2015-nji ýy­lyň baş­ga bir önü­mi bo­lan “Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si” (Ju­ras­sic World) 1,6 mil­liard­dan gow­rak gir­de­ji bi­len 4-nji, 1,5 mil­liard dol­lar ga­za­nan “Ar aly­jy­lar” (Aven­gers) 5-nji, ýe­ne-de şon­ça­rak pul top­lan “For­saž – 7” (Fu­rious 7) 6-njy or­ny eýe­le­ýär. “Ar aly­jy­lar: ult­ron döw­ri”, meş­hur er­te­ki “Har­ri Pot­ter” se­ria­sy­ny jem­le­ýän “Har­ri Pot­ter we ölüm­li peş­geş­ler – ikin­ji bö­lüm”, hä­zir­ki wagt­da-da gör­ke­zil­işi do­wam ed­ýän “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri”-niň soň­ky ki­no­sy – “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: soň­ky Je­di” hem-de “Walt Dis­ney”-iň önü­mi “Do­ňak­lyk” mult­fil­mi il­kin­ji on­lu­gy ta­mam­la­ýan ki­no­lar­dyr.
Mah­la­sy, şu wag­ta çen­li 33 film 1 milliard, 3 ki­no-da 2 mil­liard dol­lar­dan köp gir­de­ji ga­zan­dy. “Ti­ta­ni­k” filminiň köp ýyl­lap re­kor­dy özün­de sak­lan bu sa­na­wy­na aý­ra­ty­nam, soň­ky wagt­lar­da her ýylda azyn­dan 5–6 kino go­şul­ýar. Sa­na­wa ser sa­la­ny­myz­da welin, ola­ryň ag­la­ba­synyň yl­my-fan­tas­tik gör­nüş­li ki­no­lar­dygyna göz ýetirýäris.