Iň köp medally ýygyndy (1)

“Fut­bol ýö­ne­keý bir oýun; 22 adam bir to­py 90 mi­nut­lap ko­wa­la­ýar we ahy­ryn­da-da Ger­ma­ni­ýa ýe­ňiş ga­zan­ýar”. Bu söz­ler 1986–Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň iň ne­ti­je­li oýun­çy­sy, ang­li­ýa­ly meş­hur fut­bol­çy Ga­ri Li­ne­ke­re de­giş­li. Lineker “bäs­le­şik to­pa­ry” ha­sap­lan­ýan Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň was­py­ny ýo­kar­da­ky se­tir­ler bi­len ýe­tir­ýär. Dün­ýä fut­bo­ly­na uly go­şant go­şan ne­mes fut­bo­ly Ýew­ro­pa hem-de Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň iň ba­şar­nyk­ly to­pa­ry­dyr. Dün­ýä Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da iň köp fi­na­la çy­kan ne­mes­ler 4 ge­zek çem­pi­on, şon­ça­ra­gam wi­se-çem­pi­on, 4 sa­par hem 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär. 1 ge­ze­gem 4-nji orun bi­len oň­ňut et­me­li bo­lan ne­mes­ler (14 ge­zek ýa­rym fi­na­la çyk­dy) di­ňe 2 ge­zek Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş edip gör­me­di. Ýag­ny gys­sagara­da ge­çi­ri­len we sy­ýa­hat et­me­giň kyn dö­wür­le­rin­dä­ki il­kin­ji Dün­ýä Ku­bo­gy­na gat­naş­ma­ýar. Şeý­le-de 1950-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty­na-da hiç hi­li ýag­daý­da gat­naş­dy­ryl­ma­ýar. Ha­ta­ryn­da her dö­wür­de uly ýyl­dy­zy ýe­ter­lik bo­lan Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky iň köp me­dal­ly to­par (12 me­dal) bo­lan Ger­ma­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dy­ran oýun­çy­lar hök­mün­de Hans Şa­fe­ri, Fritz Wal­te­ri, Mak Mor­lo­gy, Hel­mut Ra­ny, Uwe Si­le­ri, Sep Ma­ýe­ri, Frans Bek­ken­baue­ri, Gerd Mül­le­ri, Ber­ti Wogt­sy, Karl-Haýns Rum­me­nig­ge­ni, Lo­tar Mat­teu­sy, Oli­wer Ka­ny, Ýur­gen Klins­man­ny, Miroslaw Kloseni, Tomas Mülleri we ýe­ne-de on­lar­ça­sy­ny gör­kez­mek bo­lar. Eý­sem, Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy mun­dan öň­ki çem­pio­nat­lar­da nä­hi­li ne­ti­je­ler gör­ke­zip­dir?!
Urug­waý – 1930 Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny goý­be­ren Ger­ma­ni­ýa üçin 1934-nji ýyl­da Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­len 2-nji Dün­ýä Ku­bo­gy ola­ryň ýe­ňiş­li ýö­ri­şi­niň baş­lan­gy­jy bol­ýar. Olar bu ýa­ryş­da 1-nji tap­gyr­da Bel­gi­ýa­ny 5–2, çär­ýek fi­nal­da-da Şwe­si­ýa­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­ýär. Bu oýun­la­ryň bi­rin­ji­sin­de Ko­nen het-trik et­se, ikin­ji­sin­de Ho­mann to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­ýär. Ýa­rym fi­nal­da Ne­jed­li­niň het-trik eden oý­nun­da Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­dan 3–1 utu­lan ne­mes­ler, 3-nji ýer ug­run­da­ky du­şu­şyk­da-da goň­şu­sy Awst­ri­ýa­ny 3–2 (Le­ner 1, 42, Ko­nen 27 — Hor­wat 28, Ses­ta 54) ýe­ňip, il­kin­ji me­da­ly­ny ga­zan­ýar. Fran­si­ýa – 1938-dä­ki ýa­ryş ne­mes­ler üçin ju­da ir ta­mam­lan­ýar. Pa­riž­dä­ki du­şu­şyk­da Şweý­sa­ri­ýa bi­len 1–1 oý­nan Ger­ma­ni­ýa gaý­ta­dan oý­na­lan oýun­da 4–2 ýe­ňil­ýär. Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Bra­zi­li­ýa – 1950 Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­na-da gat­naş­dy­ryl­ma­ýar. 16 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň, Şweý­sa­ri­ýa – 1954 Dün­ýä çem­pio­na­ty­na ar­ka­ýyn­lyk bi­len ýol­lan­ma alan Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa (1994-nji ýy­la çen­li bu at bi­len çy­kyş ed­ýär) 2-nji to­par­ça­da il­ki Tür­ki­ýä­ni 4–1 ha­sa­byn­da ut­ýar. Soň­ra San­dor Ko­çi­şiň 4 gol ge­çi­ren ta­ry­hy du­şu­şy­gyn­da Weng­ri­ýa­dan 8–3 ha­sa­byn­da as­gyn gel­ýär. To­par­ça­da 2-nji ýe­ri al­mak üçin Tür­ki­ýe bi­len ýe­ne-de oý­na­ma­ly bol­ýar bu sa­par 7–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ýar (oýun­da Maks Mor­lok het-trik ed­ýär). Çär­ýek fi­nal­da Ýu­gos­la­wi­ýa­ny 2–0, ýa­rym fi­nal­da-da Awst­ri­ýa­ny 6–1 ut­ýar. Fi­nal­da to­par­ça­da-da ga­bat­la­şan gar­şy­da­şy Weng­ri­ýa­ny 3–2 ýe­ňip, il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. 6-njy we 8-nji mi­nut­lar­da Puş­kaş we Si­bo­ryň gol­la­ry bi­len öňe saý­la­nan wen­ger­le­re ne­mes­ler 10-njy we 18-nji mi­nut­lar­da Mor­lok hem-de Ran bi­len jo­gap ber­ýär. Ola­ra ýe­ňiş ge­ti­ren go­ly-da 84-nji mi­nut­da Hel­mut Ran der­we­zä gi­riz­ýär. 1958-nji ýyl­da çem­pio­nat Şwe­si­ýa­da ge­çi­ri­lip, Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa 1-nji to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär. 1 ýe­ňiş (Ar­gen­ti­na­ny 3–1), 2 deň­lik (Çe­hos­lo­wa­ki­ýa­dyr D. Ir­lan­di­ýa bi­len 2–2) ne­ti­je­ler bi­len çär­ýek fi­na­la çyk­ýar we bu ge­ze­gem Ýu­gos­la­wi­ýa bi­len ga­bat­laş­ýar. Hel­mut Ra­nyň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýu­gos­law­la­ry ýeňen ne­mes­ler ýa­rym fi­nal­da ýer eýe­le­ri şwed­ler­den 3–1 as­gyn gel­ýär (Skog­lund 32, Gren 81, Ham­rin 88 — Şa­fer 24) . Bü­rünç me­dal üçin ge­çi­ri­len oýun­da Fran­si­ýa­dan 6–3 ha­sa­byn­da ýe­ňil­ýär. Du­şu­şyk­da Jast Fon­ta­nyň 4 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. Çi­li–1962-de 2-nji to­par­ça düş­ýär. Ita­li­ýa bi­len 0–0 oý­nan ne­mes­ler Şweý­sa­ri­ýa­ny 2–1, ýer eýe­si Çi­li­ni-de 2–0 ýeň­ýär. Çär­ýek fi­nal­da mun­dan öň­ki çem­pio­nat­lar­da 2 ge­zek ýe­ňen gar­şy­da­şy Ýu­gos­la­wi­ýa­dan bu sa­par 1–0 utul­ýar.

Hä­zi­rem je­del­li gol

1966-njy ýyl­da çem­pio­nat fut­bo­lyň wa­ta­ny Ang­li­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Ýe­ne-de 2-nji to­par­ça dü­şen Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa Şweý­sa­ri­ýa­ny bu sa­par 5–0 ut­sa (Held 16, Hal­ler 21, 77 p, Bek­ken­bauer 40, 52), ar­gen­tin­ler bi­len deň­me-deň oý­na­ýar (0–0). Soň­ra is­pan­lar­dan 2–1 üs­tün çy­kyp, çär­ýek fi­nal­da Urug­waý bi­len ga­bat­laş­ýar. Hal­ler (2), Bek­ken­bauer we Si­le­riň gol­la­ry bi­len il­kin­ji çem­pio­ny 4–0 ýe­ňen ne­mes­ler ýa­rym fi­nal­da SSSR bi­len du­şuş­ýar. Li­wer­pul­da­ky oýun­da Ger­ma­ni­ýa 2–1 (Hal­ler 42, Bek­ken­bauer 67 – Por­ku­ýan 88) ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, 2-nji ge­zek fi­na­la çyk­ýar. Fi­nal­da ýer eýe­si iň­lis­ler bi­len du­şuş­ýar. Ta­ry­hy fi­na­la to­ma­şa et­mek üçin “Wemb­li” sta­dio­ny­na 96924 jan­kö­ýer ýyg­nan­ýar. 12-nji mi­nut­da Hel­mut Hal­ler ne­mes­le­ri öňe saý­la­sa, Jeoff Hurst 18-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­ýär. 78-nji mi­nut­da Mar­tin Pi­ters ýer eýe­le­rini öňe çy­kar­ýar. Ýö­ne 89-njy mi­nut­da Wolf­gang We­ber ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­ýar. Goş­ma­ça wagt­da-da uly, ta­ry­hy, gop­gun­ly wa­ka bol­ýar. 101-nji mi­nu­tyn­da Hurs­tuň uran ur­gu­sy ýo­ka­ry sü­tü­ne de­gip, der­we­zä­niň aşa­ky çy­zy­gy­ny geç­ýär. Ne­mes­le­re gö­rä bol­sa, top çy­zy­gy geç­me­ýär. Şweý­sa­ri­ýa­ly baş emin Gottf­rid Dienst gap­dal emin as­ly azer­baý­jan­ly, şol wag­ty So­ýu­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik eden To­fik Bah­ra­mo­wyň gör­kez­me­si bo­ýun­ça ony gol diýip ha­sap­la­ýar. Ne­ti­je­de, 120-nji mi­nut­da ýe­ne-de Hurst 1 gol ge­çir­ýär we Ang­li­ýa 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, şol je­del­li pur­sat hä­zir­ki wagt­da-da je­del­li bolmagynda galýar. Şol pur­sat­la­ry hä­zir­ki gün­de-de iň­lis­ler gör­ke­zen­de gol, ne­mes­ler gör­ke­zen­de bol­sa, gol däl. Şu du­şu­şyk iki to­pa­ryň ara­syn­da der­bi de­re­je­sin­de gö­rül­ýän ýi­ti bäs­deş­li­giň baş­lan­gy­jy bol­ýar.
1970-nji ýyl­da çem­pio­na­ty Mek­si­ka gu­ra­ýar. Gerd Mül­le­riň il­kin­ji ge­zek gat­na­şan çem­pi­ona­tyn­da Ger­ma­ni­ýa 4-nji to­par­ça­da­ky 3 du­şu­şy­gyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­ýar. Has ta­ky­gy, Ma­rok­ko­ny 2–1, Mül­le­riň het-trik eden du­şu­şy­gyn­da Bol­ga­ri­ýa­ny 5–2, ýe­ne-de Mül­le­riň 3 go­ly bi­le­nem Pe­ru­wyň ýy­gyn­dy­sy­ny 3–1 ýeň­ýär. Çär­ýek fi­nal­da 4 ýyl ozal­ky fi­nal­da je­del­li gol bi­len utu­lan gar­şy­da­şy Ang­li­ýa bi­len du­şuş­ýar. Bu oýun­da-da ýe­ňi­ji goş­ma­ça wagt­da bel­li bo­lup, ne­mes­ler Bek­ken­bauer, Si­ler we Mül­le­riň gol­la­ry bi­len 3–2 ýe­ňiş ga­zan­ýar. Ne­mes­ler ýa­rym fi­nal­da ta­ry­hy du­şu­şyk­da Ita­li­ýa­dan as­gyn gel­ýär. Iň soň­ky mi­nut­da ha­sa­by deň­län ne­mes­ler goş­ma­ça wagt­da 2 gol ge­çir­se-de, 3 pök­gi ge­çir­dip, fi­na­la çy­kyp bil­me­ýär (4–3, Bo­nin­sen­ýa 8, Burg­nik 98, Ri­wa 104, Ri­we­ra 111 — Şnei­lin­jer 90, Mül­ler 94, 110). 3-nji ýer üçin oý­na­lan oýun­da-da Urug­wa­ýy Owe­ra­tyň ýe­ke-täk pök­gü­si bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­ýär we 2-nji sa­par bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­ýar. 10 gol geçiren Müller çempionatyň iň netijeli oýunçysy diýen ady eýeleýär.

Il­kin­ji ge­zek ýer eýe­si we ikin­ji çem­pi­on­lyk

Ine-de ahy­ry Dün­ýä Ku­bo­gy Ger­ma­ni­ýa­da gu­ral­ýar. 1974-nji ýyl­da­ky 10-njy Dün­ýä çem­pio­na­ty Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­lip, ýer eýe­le­ri çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. 1-nji to­par­ça­da Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa, Awst­ra­li­ýa we Çi­li bi­len güýç sy­na­nyş­ýar. Çi­li­ni Breit­ne­riň go­ly bi­len ýe­ňen gün­ba­tar­ly­lar Awst­ra­li­ýa­ny-da 3–0 (Owe­rat 30, Kull­mann 34, Mül­ler 53) ut­ýar. To­par­ça­da 1-nji ýe­ri kes­git­le­ýän oýun­da Gün­do­gar bi­len Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa du­şuş­ýar. Spar­was­se­riň ýe­ke-täk pök­gü­si bi­len gün­do­gar­ly­lar ýe­ňiş ga­zan­ýar. 2-nji tap­gyr­da “B” to­par­ça­da Ýu­gos­la­wi­ýa­ny 2–0 (Breit­ner 39, Mül­ler 82), Şwe­si­ýa­ny 4–2 (Owe­rat 51, Bon­hof 52, Gra­bows­ki 76, Hoe­ness 89 p) we Pol­şa­ny-da 1–0 (Mül­ler 76) utup, fi­na­la çyk­ýar. Fi­nal­da-da Kroýff­ly, Nes­kens­li Ni­der­land­la­ryň ýy­gyn­dy­sy­ny 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 2-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram ed­ýär. Mün­hen­dä­ki “Olim­pi­as­ta­di­on­da” ge­çi­ri­len oýun­da ne­mes­le­riň gol­la­ry­ny Breit­ner bi­len Mül­ler, ni­der­land­la­ryň pök­gü­si­ni-de Nes­kens der­we­zä gi­riz­ýär. Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa çem­pio­na­ty gu­raý­jy ýurt hök­mün­de hem-de 2-nji ge­zek çem­pi­on bo­lan 4-nji to­par bol­ýar.
(Do­wa­my bar).