Tebigatdaky ähli jandaryň öz awuny tutmagy we duşmanyndan goranmagy üçin aýratyn ukyby bolýar. Dünýäniň ähli ýerinde diýen ýaly dürli görnüşi gabat gelýän baýguşlar örän sessiz uçmagy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, olar awuny duýdansyz ýagdaýda tutup bilýär. Kiçijik arynyň ýa-da siňegiň ganatynyň sesini eşidip bilýän hem bolsak, bu guşuň sesini eşitmeýänligimiziň aýratyn sebäbi bar. Baýguşlaryň ganatlary uzyn hem-de giň. Şol sebäpli ganatyna az agram düşýär. Olar ýuwaş uçan mahaly o diýen köp ganat kakmagyna zerurlyk duýmaýar. Olaryň beýleki guşlardan has sessiz uçmagynyň ýene bir sebäbi ganat perleri bilen bagly. Baýguşuň ganatynyň öň tarapyndaky ýelekler edil daragyň dişleri ýaly tekiz, yz tarapy bolsa, maýyşgak we aralary açyk, ýokarky bölegi ýüpek ýaly ýumşak. Adatça, guşlaryň uçan wagty çykarýan sesi howada emele gelýän basyş bilen baglydyr. Esasan hem, ganatyň yz tarapynyň şekili olaryň has köp ses çykarmagyna sebäp bolýar. Baýguşuň ganatynyň yzyndaky ýelekler bolsa, beýleki guşlaryňkydan tapawutlylykda gaty däl-de, maýyşgak we ýumşak bolýar. Geçirilen ylmy barlaglarda baýguşuň uçýan wagty sesiniň çykmaýanlygynyň onuň gurluşy bilen baglydygy ýüze çykaryldy.