Şu günki günlerde 1969-njy ýyl­da bo­lup ge­çen Şa­ron Teýt wa­ka­sy ba­ra­da­ky ki­no­nyň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri­ne taý­ýar­lyk gör­ýän us­sat re­žiss­ýor Kwen­tin Ta­ran­ti­no 55 ýa­şa­dy. 1963-nji ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da ABŞ-nyň Ten­nes­si şta­ty­nyň Noks­will şä­he­rin­de dün­ýä inen Ta­ran­ti­no re­žiss­ýor­ly­ga 1987-nji ýyl­da “Me­niň iň go­wy dos­tu­myň dog­lan gü­ni” (My Best Friend’s Birth­day) at­ly gys­ga göw­rüm­li ki­nosy bi­len il­kin­ji ädi­mi­ni äd­ýär. Onuň il­kin­ji uly göw­rüm­li ki­no­sy bolsa, “Gu­duz it­ler” (Re­servoir Dogs, 1992) filmi bolup, ol re­žiss­ýo­ra uly meş­hur­lyk ga­zan­dyr­ýar, hat­da köp­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Us­sat re­žiss­ýor 1990-njy ýyl­lar­da uly go­wur tu­r­zan “Ar­zan ro­man” (Pulp Ficti­on, 1994) we “Je­ki Brawn” (Jackie Brown) film­le­ri­ni su­ra­ta dü­şür­ýär. Bel­li bir dö­wür­de wi­deo-ka­sseta pro­kat dü­ka­nyn­da ha­sap­çy bo­lup iş­län Ta­ran­ti­no 2010-njy ýy­la çen­li-de 1-nji we 2-nji “Bil­li öl­dür­mek” (Kill Bill: Volu­me 1–2”, 2003, 2004) film­le­ri­ni hem-de Os­ka­ryň 8 ug­ry bo­ýun­ça da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen, hat­da re­žiss­ýo­ra iň go­wy asyl sse­na­riý hem-de ar­tist Kris­to­fer Walt­sa ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy­ny ga­zan­dy­ran “Nä­let­ker­de ha­ram­za­da­lar” (Ing­lou­rious Bas­terds) ki­no­sy­ny ek­ran­laş­dyrýar. 2012-nji ýylda “Jan­go zyn­jyr­syz” (Djan­go Unchai­ned) fil­mi bi­le­nem ýe­ne-de iň go­wy asyl sse­na­riý hem-de ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor (Kris­to­fer Walts) ugur­la­ryn­da Os­kar al­ýar. 2015-nji ýyl­da­ky “Ýig­re­n­ji se­kiz­lik” (The Ha­te­ful Eight) fil­mi re­žiss­ýo­ryň hä­zir­lik­çe soň­ky ki­no­sy­dyr. Bu­lar­dan baş­ga-da, bir­nä­çe şow­ly çy­kan ki­no­la­ryň sse­na­ri­si­ni ýa­zan Ta­ran­ti­no öz su­ra­ta dü­şü­ren film­le­ri­niň äh­li­sin­de di­ýen ýa­ly ki­çeň­räk keşp­le­ri-de jan­lan­dyr­ýar. “Dört otag” (Fo­ur Rooms) hem-de “Graýndhauz” (Grind­hou­se) ýa­ly film­le­ri-de Ro­bert Rod­ri­ges bi­len bi­le­lik­de surata dü­şür­ýär.
Ekran eserleriniň öz­bo­luş­ly­ly­gy, sah­na­la­ryň çen­denaşa uruş­ly bolmagy, film­ler­dä­ki gür­rüň­deş­lik­le­riň gö­dek­si­li­gi, gür­rüň be­ril­ýän wa­ka­la­ryň ada­ty bol­maz­ly­gy, şeý­le-de äh­li film­le­ri­ni-de 35 mm len­ta dü­şür­me­gi (soň­ky fil­min­de 70 mm len­ta ulan­dy) ýa­ly en­dik­ler Ta­ran­ti­no­nyň film­le­ri­ne mah­sus aý­ra­tyn­lyk­lar ha­sap­lan­ýar. Ta­ny­mal re­žiss­ýor di­ňe iň go­wy asyl sse­na­riý ug­run­dan 2 Os­kar ga­zandy. Onuň ki­no­la­ryn­da çy­kyş eden ar­tist­ler­de­nem diňe Kris­to­fer Walts ikin­ji plan­da­ky akt­ýor ug­ry bo­ýun­ça 2 ge­zek Os­ka­ra la­ýyk gö­rüldi. Kö­ne usul­da ki­no dü­şür­me­giň ta­rap­da­ry bo­lan ta­ny­mal re­žiss­ýo­ryň film­le­ri­niň al­ty­syn­da meş­hur akt­ýor Sa­mu­el L. Jek­son su­ra­ta düşdi. Ta­ran­ti­no­ re­žiss­ýor bol­ma­gy mas­la­hat be­ren bu babatda oňa hemaýat eden Law­rens Ben­der onuň äh­li fil­min­de prod­ýu­ser hök­mün­de çy­kyş etdi. 10-njy fil­min­den soň, re­žiss­ýor­ly­gy bes et­jek­di­gi­ni aý­dan Ta­ran­ti­no eý­ýäm­den ki­no sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dyr­ma­gy ba­şar­dy.