Dün­ýä bel­li ame­ri­ka­ly ze­nan aý­dym­çy Teý­lor Swif­tiň “Re­pu­ta­ti­on” at­ly al­bo­my­nyň 2 mil­li­on nus­ga­sy aý­dym-saz muş­da­klary ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­dy. Bu al­bom soň­ky 2 ýyl­da şeý­le gör­ke­zi­jä ýe­ten il­kin­ji al­bom bol­dy. 28 ýaş­ly aý­dym­çy bu al­bo­my­ny ge­çen ýy­lyň no­ýabr aýyn­da halk köp­çü­li­ge ýe­ti­rip­di. Bu owa­dan aý­dym­çy­nyň 6-njy stu­di­ýa al­bo­my­dyr. Swift­den öň iň­lis aý­dym­çy­sy Ade­liň 2015-nji ýyl­da çy­ka­ran “25” at­ly al­bo­myny 3 gü­nüň için­de 2 mil­li­on adam sa­tyn al­yp­dy.
Ýeri gelende aýtsak, Teý­lor Swift 2017-nji ýyl­da çy­ka­ran “Lo­ok What You Ma­de Me Do” at­ly şe­kil­li aý­dy­my bi­le­nem re­kord go­ýup­dy. Onuň bu şe­kil­li aý­dy­my­na “You­Tu­be” in­ter­net wi­deo plat­for­ma­sy ar­ka­ly 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da 39 mil­li­on ge­zek to­ma­şa edi­lip­di. Swift bu ugur­da Ade­liň “Hel­lo” at­ly şe­kil­li aý­dy­my­nyň re­kor­dy­ny tä­ze­läp­di. Şeýle-de Swif­tiň soň­ky çy­ka­ran “De­licate” at­ly “sing­le” şe­kil­li aý­dy­my­na-da 1 hep­dä­niň do­wa­myn­da “You­Tu­be” arkaly 57 mil­li­on ge­zek to­ma­şa edi­len­di­gi ha­bar be­ril­di.