Amerikan modaçylar geňeşi (CFDA) “Ýylyň moda nyşany” baýragyna angliýaly meşhur fotomodel Naomi Kampbelli laýyk gördi. Bu arzyly baýrak 48 ýaşyndaky fotomodele 4-nji iýunda geçiriljek dabarada gowşurylar. 1990-njy ýyllaryň öňdebaryjy fotomodellerinden bolan Kampbell: — Amerikan modaçylar geňeşiniň şeýle arzyly baýraga laýyk görmegi meniň üçin diýseň uly abraý. Men moda dünýäsiniň içinde ýaşaýaryn. Maňa goldaw berenleriň hemmesine, zähmet ýolum boýunça hemişe maňa uly goltgy beren geňeşe-de öz minnetdarlygymy bildirýärin — diýip, hoşallygyny beýan etdi. AMG-niň her ýyl gowşurýan bu baýragyny öňki ýyllarda Rihanna, Beýonse Nowles, Dewid Bowi, Farrell Williams, Keýt Moss ýaly dünýä belli şahsyýetler alypdy.