ba­ra­da­ky bi­og­ra­fik gör­nüş­li “Fon­zo” fil­min­de su­ra­ta düş­jek ar­tist­ler bel­li bol­dy. Yl­my-fan­tas­tik ki­no­la­ryň re­žiss­ýo­ry Joş Trenk ta­ra­pyn­dan sse­na­ri­si ýa­zy­lyp, ek­ran­laş­dy­ryl­jak film­de baş keş­bi — Al Ka­po­ne­niň keş­bi­ni Tom Har­di jan­lan­dy­rar. Onuň ýan­ýol­da­şy Mae­niň keş­bin­de Lin­da Kar­del­li­ni çy­kyş eder. Öňü­miz­dä­ki aý­da Nýu Or­leans­da su­ra­ta dü­şü­ri­lip baş­lan­jak ki­no­da Mett Dil­l­on, Kaýl Mak­Lah­lan, Jek Low­den hem-de Ka­te­ri­ne Nar­duç­çi ýa­ly ar­tist­ler hem dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Fil­miň pro­ka­ta goý­be­ril­jek wag­ty hä­zir­lik­çe bel­li däl.
* * *
pro­ka­ta gir­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan “Ajap ze­nan – 2” (Won­der Wo­man 2) fil­mi­niň kas­tin­gi­ne ta­ny­mal akt­ri­sa Kris­ten Wi­ig hem go­şul­dy. Gal Ga­do­tyň baş keşp­de çy­kyş ed­ýän ki­no­syn­da ko­me­di­ýa film­le­ri bi­len ta­nal­ýan Wi­ig ot­ri­sa­tel keş­bi — Çi­ta­hyň keş­bi­ni jan­lan­dy­rar. Ze­nan re­žiss­ýor Pet­ti Jen­kins ta­ra­pyn­dan ek­ran­laş­dy­ryl­jak ki­no­da 1980-nji ýyl­la­ryň wa­ka­la­ry dog­ru­syn­da söh­bet açy­lar. “Ajap ze­nan –2” 2019-njy ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da ek­ran­la­ra çy­ka­ry­lar.
* * *
Ok­ta­wi­ýa Spen­ser bi­len Os­ka­ryň da­laş­gä­ri Jes­si­ka Çes­teýn 2011-nji ýyl­da­ky “Hyz­mat­kär” (The Help) ki­no­syn­dan soň, ýe­ne bir film­de bi­le­lik­de su­ra­ta dü­şer­ler. “The Big Sick” fil­mi bi­len ady­gan Maýkl Şo­wal­te­riň re­žiss­ýor­lyk et­jek ko­me­di­ýa­sy­nyň ady we beý­le­ki ar­tist­le­ri öňü­miz­dä­ki gün­ler­de bel­li edi­ler. Fil­miň sse­na­ri­si­ni Kel­li Kar­mi­ka­el bi­len Pi­ter Çia­rel­li ýa­zar.