Şu ýy­lyň 8–19-njy ma­ýy ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek 71-nji Kann film fes­ti­wa­ly os­kar­ly re­žiss­ýor, eý­ran­ly As­gar Far­ha­di­niň is­pan di­lin­dä­ki “Hem­me­ler bil­ýär” at­ly ki­no­sy bi­len açy­lar. Tril­ler gör­nüş­li bu ek­ran ese­rin­de is­pa­ni­ýa­ly ar­tist­ler, ýan­ýol­daş­lar Ha­wi­er Bar­dem bi­len os­kar­ly akt­ri­sa Pe­ne­lo­pe Kruz baş keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. 12 gün­läp do­wam et­jek 71-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da emin­le­re awst­ra­li­ýa­ly akt­ri­sa Keýt Blan­şett baş­tu­tan­lyk eder. Fes­ti­wal­da bäs­leş­jek film­le­riň sa­na­wy hem-de emin­ler to­pa­ry öňü­miz­dä­ki gün­ler­de mä­lim edi­ler.

Gol­li­wu­dyň ta­ny­mal akt­ri­sa­sy Skar­lett Ýo­hans­son Ikin­ji ja­han ur­şy ba­ra­da­ky tä­ze film­de su­ra­ta dü­şer. Ol “Jo­jo Rab­bit” at­ly bu film­de ýe­sir dü­şen gy­zyň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Fil­me “Thor: Rag­na­rok” ki­no­sy bi­len ady­gan Tai­ka Wai­ti­ti re­žiss­ýor­lyk eder. Fil­miň sse­na­ri­si­ni-de re­žiss­ýo­ryň özi ýa­zyp, ki­no­nyň su­ra­ta al­nyş iş­le­ri to­mus­dan öň baş­la­nar. Ony gel­jek ýyl pro­ka­ta çy­kar­mak­lyk me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Meşhur ar­tist­le­r — Ewan Ra­çel Wud, Ri­çard Jen­kins, Ji­na Rod­ri­ges hem-de Deb­ra Win­ger da­gy re­žiss­ýor Mi­rand Ju­li­niň tä­ze ki­no­syn­da su­ra­ta dü­şer­ler. “An­na­pur­na” we Bred Pit­tiň “Plan B En­ter­ta­in­ment” şe­re­ket­le­ri­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky film re­žiss­ýo­ryň 3-nji ki­no­sy­dyr. Ady we pro­kat­da çyk­jak wag­ty hä­zir­lik­çe bel­li bol­ma­dyk ek­ran ese­rin­de ogur­lyk wa­ka­sy ba­ra­da gür­rüň ber­ler.

“An­gel of Mi­ne” at­ly tril­ler gör­nüş­li awst­ra­li­ýa fil­min­de baş keşp­le­ri Iwonn Stra­hows­ki bi­len Nu­mi Ra­paýs jan­lan­dyrar. Kim Far­rant ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ril­jek ki­no 2008-nji ýyl­da ek­ran­laş­dy­ry­lan fran­suz fil­mi “L’Emp­re­in­te de L’An­ge”-niň ri­meý­ki bo­lar. Fil­miň su­ra­ta al­nyş iş­le­ri go­laý­da baş­lanar. Far­rant 2015-nji ýyl­da­ky “Stran­ger­land” ki­no­sy bi­len meş­hur­lyk ga­za­nyp­dy.