“Asu­da me­kan” (A Quiet Place)

Re­žiss­ýo­ry: Jon Kra­sins­ki
Keşp­ler­de: Emi­li Blant, Jon Kra­sins­ki,
Mil­li­sent Sim­monds, No­ýa Ýup, Keýd Wud­ward
Prod­ýu­ser­le­ri: Maýkl Beý, Andr­ýuw Form, Bred Ful­ler
Sse­na­ri­çi­le­ri: Bra­ýan Wuds, Skott Bek, Jon Kra­sins­ki
Kom­po­zi­to­ry: Mar­ko Belt­ra­mi
Ön­dü­ri­ji: “Pla­ti­num Du­nes”,
“Sun­day Night”
Paý­laý­jy: “Pa­ra­mount Pictu­res”
Do­wam­ly­ly­gy: 90 mi­nut
Gör­nü­şi: dra­ma, gor­ku­ly tril­ler
Di­li: iň­lis­çe
Býu­je­ti: 17 mil­li­on $

Dür­li gör­nüş­dä­ki bir­nä­çe film­de su­ra­ta dü­şen ang­li­ýa­ly akt­ýor Jon Kra­sins­ki­niň re­žiss­ýor­ly­gyn­da­ky 3-nji ki­no­sy “Asu­da me­kan” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. 38 ýaş­ly re­žiss­ýo­ryň bu fil­min­de Kra­sins­ki­niň özi bilen bir hatarda, ýan­ýol­da­şy, ta­ny­mal akt­ri­sa Emi­li Blant baş keşplerde surata düşdi. Gor­ku­ly tril­ler gör­nüş­dä­ki film Nýu Ýork­da ekranlaşdyryldy. Fil­miň baş he­ma­ýat­kä­ri hök­mün­de bel­li re­žiss­ýor Maýkl Be­ýiň şe­re­ke­ti “Pla­ti­num Du­nes” çy­kyş ed­ýär. 90 mi­nut­lap do­wam ed­ýän ki­no­nyň saz­la­ry­ny meş­hur kom­po­zi­tor Mar­ko Belt­ra­mi ýaz­dy. Film üçin 17 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­lip, pro­ka­ta çy­kan il­kin­ji hep­de­sin­de De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da 50 mil­li­on dol­lar­dan köp gir­de­ji ga­zan­dy. Pro­ka­tyň ge­çen hep­de­sin­de 1-nji or­ny eýe­län ek­ran ese­ri hä­zir­ki gü­ne çen­li 80 mil­li­on dol­la­ra go­laý kas­sa ýy­gy­my­ny top­la­dy. Eý­ýäm­den kä­bir iri baý­rak­lar üçin ady ag­zal­ýan film ki­no­tan­kyt­çy­lar­da­nam, to­ma­şa­çy­lar­da­nam ýo­ka­ry ba­ha al­dy.
Ýer ýü­zün­de bo­lup ge­çen uly bet­bagt­çy­lyk­dan soň, Ewe­lin we Li 3 ça­ga­sy bi­len asu­da ýer tap­ýar. Olar bu ýer­de hiç hi­li gep­leş­män, di­ňe el he­re­ket­le­ri bi­len dü­şü­ni­şip ýa­şap başlaýarlar. Se­bä­bi ça­la­ja goh, gal­ma­gal, ses ola­ryň asu­da dur­mu­şy­ny bo­zmagy mümkin. Gün­le­riň bi­rin­de şeý­le-de bol­ýar. Ça­ga­la­ryň iň ki­çi­si oýun oý­na­ýan ma­ha­ly ýerde duran lam­pa­ny ýykýar. Şol pur­sat­da çy­kan gal­ma­gal ola­ryň asu­da dur­mu­şy­na özü­niň oňaý­syz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär…