Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty, pähim-paýhasy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň senenamasyna täze altyn harplar bilen girýär. Şeýle ajaýyp wakalaryň naýbaşylarynyň biri hökmünde milli Liderimiziň Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda dünýä we türkmen okyjylaryna sowgat eden“Gadamy batly bedew” atly täze kitabyny belent buýsanç bilen bellemek bolar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz uzak ýyllaryň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjy, gymmatlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň geçmiş taryhy, egsilmez şan-şöhraty, synmaz gözelligi, dünýä medeniýetinde tutýan orny hakynda düýpli işleri alyp barýar. Bu ajaýyp işleriň bir bölegi döwlet Baştutanymyzyň dünýä atçylygynyň gymmatlygy hasaplanýan ahalteke bedewlerine bagyşlap döreden “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda aýdyň beýanyny tapdy. Mähriban Arkadagymyzyň ylahy ylhamynyň gudraty bilen dünýä inen “Gadamy batly bedew” atly täze kitaby, bu ugra bagyşlan dowamly zähmetiniň miwesidir.
Ahalteke bedewleri gözelligi bilen älemi haýrana goýýar. Bu gözelligi, esasan-da, syn-sypatly bedew atlaryň göwresiniň täsin reňkleri üpjün edýär. Muny biz eziz Arkadagymyzyň Akhan atly gözel görkli, nurana zynatly atynyň keşbinde aýdyň görýäris. Şu nusgadan ugur alnyp, täze eseriniň daşky sahypasynda gunduz ýaly ak atyň keşbiniň janlandyrylmagy onuň içki mazmuny bilen täsin sazlaşygy emele getirýär. Kitabyň daşynda garly Köpetdaga tarap nazaryny aýlap duran ak bedew göýä tebigatyň aýdyň bir parçasy hökmünde kitaby ele alan her bir okyjyda ýatdan çykmajak duýgulary oýarýar.
Ahalteke bedewini türkmen halkynyň taryhy we ruhy gymmatlyklary bilen baglylykda görkezmäge esaslanan täze neşiriň mazmuny täze maglumatlara baýdygy, ylmy çeşmelere esaslanýandygy, bedew atlar baradaky köpýyllyk barlaglaryň ylmy netijelerine daýanýandygy bilen okyjyny behişdi bedewleriň nurana dünýäsiniň täze menzillerine tarap alyp gidýär.
“Gadamy batly bedew” atly täze neşir “Dünýäniň wajyplygy”, “Gadymyýetiň sedasy”, “Türkmeniň ruhy baýlygy”, “Gözelligiň syrly dünýäsi”, “Ebedi miras” hem-de “At—myrat”, “Taryhyň içindäki taryh” ýaly bölümlerden ybarat bolup, bu bölümlerde döwlet Baştutanymyz köpýyllyk barlaglary, pikir ýöretmeleri, edebi maglumatlary ussatlyk bilen bir sapaga düzüpdir. Eserde, awtoryň atçylygyň milli däpleri baradaky çuňňur bilimleri, türkmen bedewlerine bagyşlanan nakyllarda, pähimlerde we parasatly sözlerde öz beýanyny tapan halk pähimleriniň ägirt uly baýlygy şöhlelenýär.
Gahryman Arkadagymyz kitabyň başynda okyjylara: “Watanymyzyň parahatlygyna bolan ynam, raýatlarymyzyň bolelin durmuşy meniň ýaşaýyş babatdaky ýörelgelerimiň tutuş mazmunyny eýeleýär. Size dünýä, hereket, tizlik, menzil hakynda owalbaşdan söhbet açýandygymyň sebäbi hem, meniň türkmen ahalteke bedewi hakyndaky oý-hyýallarymdyr. Türkmen halkynda bedewiň gadymylygy, onuň göwün syrdaşyna öwrülip gitmegi dünýä tizlik beriji güýjüň bedewde bolandygy üçindir” diýip ýüzlenýär.
Täze kitapda asyrlaryň dowamynda döredilen halk rowaýatlarynda wakalaryň hemişe bedewler bilen baglanyşýandygy hakynda şeýle diýilýär: “Rowaýatlarymyz haýsy döwre degişli bolaýsyn, ol aglaba bedew bilen ynsan birliginiň waspyny ýetirýän ýordumlardan düzülendir”.
Kitap atlaryň reňkleri, ýyndamlygy, şan-şöhraty hakynda hem gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Onda türkmen bedewiniň täsin reňkdedigi hakynda şeýle diýilýär: “Ahalteke bedewiniň taýsyzlygy onuň täsin reňk öwüşgininde has-da aýdyň ýüze çykýar. Reňk hem bu ýerde içki hadysanyň önümi, çünki gaýtalanmazlyk hem kämillik alamatlary bedewiň daşky görnüşine hem mahsusdyr”.
Täze neşiriň ýene bir aýratynlygy onda bedew atlaryň dürli fotosuratlaryna giň orun berlenligidir. Kitabyň öwşün atyp duran sahypalaryny bezeýän bedewleriň çapuwda, kenar boýunda, teblehanada, şöwürde, gül-pürçüge beslenen gülli baýyrlyklarda, dag eteklerinde düşürilen suratlary synlanyňda, hut özüňi bedew atlar bilen deňdeş gopýan ýaly bolýarsyň. Bu inçe duýgular kalba aram, köňle ylham bolup inýär.
“Gadamy batly bedew” atly täze kitap eziz Arkadagymyzyň döredijilik dünýäsinde aýratyn many-mazmuna eýe bolan taýsyz nusgadyr. Bu ajaýyp kitap milli gymmatlygymyzyň naýbaşy nusgasy bolan behişdi bedewlerimize bolan çuňňur söýgüniň artmagynda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir.
Goý, eziz Arkadagymyz şeýle gymmatly eserleri bilen halkymyzy we bütin dünýä okyjylaryny hemişe begendirip dursun!
Ene SAPARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi döwlet
arhiwiniň bölüm müdiri.