Us­sat re­žiss­ýor Sti­wen Spil­berg soň­ky ki­no­sy “Taý­yn bol, bi­rin­ji oýun­çy” (Rea­dy Player One) bi­len tä­ze re­kord goý­dy. 71 ýa­şyn­da­ky re­žiss­ýor pro­kat­dan iň köp gir­de­ji ga­za­nan re­žiss­ýor­dyr. Onuň şu wag­ta çen­li re­žiss­ýor­lyk eden ki­no­la­ry­nyň pro­kat­lar­dan top­la­ny 10 mil­liard dol­lar­dan geç­di. Ol mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji re­žiss­ýor­dyr. Spil­ber­giň 1993-nji ýyl­da­ky “Ýu­ra eý­ýa­my­nyň se­ýil­gä­hi” fil­mi onuň iň gir­de­ji­le­ri ki­no­sy­dyr. Köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan film pro­kat­dan 1 mil­lard dol­lar top­lap­dy. Şeý­le-de 2008-nji ýyl­da­ky “In­dia­na Jo­nes – 4” ki­nosy 786 mil­li­on dol­lar, 1982-nji ek­ran­laş­dy­ran “Baş­ga pla­ne­ta­ly” (E.T. the Extra-Ter­rest­ri­al) yl­my-fan­tas­tik fil­mi-de 717 mil­li­on dol­lar ga­za­nyp­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, re­žiss­ýo­ryň soň­ky ki­no­sy “Taý­yn bol, bi­rin­ji oýun­çy” hem gir­de­ji­si­ni ýa­rym mil­liard dol­la­ra go­laý­lat­dy. Spil­berg hä­zir­ki gü­ne çen­li “Mü­nih” (Mu­nich), “Dün­ýä­ler sö­we­şi” (War of the Worlds), “Sö­weş aty” (War Hor­se), “Ter­mi­nal” (The Ter­mi­nal), “Es­ger Ra­ýa­ny ha­las et­mek” (Saving Private Ry­an) ýa­ly bir­nä­çe baý­rak­ly we ki­no muş­dak­la­ry­nyň uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ren film­le­ri­ni su­ra­ta dü­şü­r­di.
Sa­naw­da Spil­berg­den soň, 2-nji ha­tar­da “Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry” (The Lord of the Rings) we “Hob­bit” (Hob­bit) üç­le­me­le­ri­niň re­žiss­ýo­ry, Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly Pi­ter Jek­son bar­ýar. Onuň ek­ran eser­le­ri 6,5 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. 3-nji ýe­ri “Bezzat og­lan­lar” (Bad Bo­ys) hem-de “Trans­for­mer­ler” (Trans­for­mers) ki­no­lar top­lu­my­nyň re­žiss­ýo­ry Maýkl Beý eýe­le­ýär. Onuň su­ra­ta alan film­le­ri pro­kat­dan 6,4 mil­liard dol­lar ýyg­na­dy. “Awa­tar” (Avatar) bi­len “Ti­ta­nik” (Ti­ta­nic) ýa­ly iň köp gir­de­ji ga­za­nan film­le­riň sanawynda öňdäki 2 orny eýeleýän kinolaryň re­žiss­ýory Jeýms Ka­me­ron bu sa­naw­da 4-nji basgançakda bar­ýar. Gel­jek­ki “Awa­tar” film­le­ri­ni-de göz öňün­de tut­sak, onuň öň­dä­ki orun­la­ra, bel­ki-de 1-nji bas­gan­ça­ga-da beý­gel­me­gi müm­kin. “Ter­mi­na­tor” ki­no­la­ry­ny-da ek­ran­laş­dy­ran Jeýms Ka­me­ro­nyň film­le­ri 6,2 mil­liard dol­la­ra go­laý gir­de­ji ga­zan­dy. “Har­ri Pot­ter” film­le­ri­niň soň­ky bö­lüm­le­ri­niň re­žiss­ýo­ry, ang­li­ýa­ly De­wid Ýeý­tes 5-nji (5,3 mil­liard $), “Ga­ra ry­sar” (The Drak Knight) we “Baş­lan­gyç” (Incep­ti­on) ýa­ly ki­no­la­ryň aw­to­ry Kris­to­fer No­lan 6-njy (4,8 4 mlrd. $), “Ge­le­je­ge do­la­nyş” (Back to the Fu­tu­re) ki­no­sy bi­len ady­gan Ro­bert Ze­me­kis 7-nji (4,2 mlrd. $), öz­bo­luş­ly baş­dan ge­çir­me film­le­riň re­žiss­ýo­ry Tim Ber­ton 8-nji (4 mlrd. $), “Öý­de ýe­ke özi” (Ho­me Alo­ne) we “Har­ri Pot­te­riň” 1–2-nji ki­no­sy­ny su­ra­ta dü­şü­ren Kris Ko­lumbs 9-njy (4 mlrd. $) hem-de “Mars­ly” (The Mar­ti­an), “Pro­me­teý” (Pro­met­he­us), “Jen­net şa­ly­gy” (King­dom of Heaven), “Gla­dia­tor” (Gla­dia­tor) ýa­ly il­ha­lar film­le­riň re­žiss­ýo­ry Rid­leý Skott 10-njy (3,9 mlrd. $) ýer­de bar­ýar.

Taýýarlan Amangül AMANÝAZOWA,
TDY we DI-niň talyby.