Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen paýtagtynyň ýeten belent sepgitlerini dünýä äşgär edýän Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmegi her bir watandaşymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar. Munuň üçin ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna alkyş baryny aýdýarlar. Milli Liderimiziň: “Her ýylyň 25-nji maýynyň “Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edilmegi paýtagtymyzyň medeni ösüşinde möhüm waka öwrüldi” diýen parasatly sözleri buýsançly göwünlere ganat bitirdi.
Türkmen paýtagtynyň Ýer ýüzünde iň owadan, amatly şäherleriň biri hasaplanýandygy ýöne ýerden däldir. Çünki häzirki wagtda milli Liderimiziň tagallalary bilen baş şäherimize bezeg berýän ajaýyp binalaryň, desgalaryň uly toplumy ulanylmaga berildi, ençeme möhüm desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Aşgabat şäheriniň bezegine öwrülen ajaýyp binagärlik toplumlary döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň görkezijileridir.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şäher gurluşyk maksatnamamyzda Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar” diýen pähim-parasada ýugrulan sözleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini bütin aýdyňlygy bilen aýan edýär.
Paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halka edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.
Bilşimiz ýaly, şol belent ymaratlar Aşgabat şäheriniň görküni artdyryp, paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şol kitaba ak mermer bilen örtülen has köp binaly şäher hökmünde türkmen paýtagtynyň goşulandygyny, munuň bolsa hormatly Prezidentimiziň şäher gurluşyk maksatnamasyna hem-de öňdengörüjilikli başlangyçlaryna berlen mynasyp bahadygyny buýsanç bilen ýatlamak isleýäris.
Türkmen paýtagtynyň “Aziýanyň merjen şäheri” diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däldir. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen paýtagty durnukly ösüşleri başdan geçirýär. Şol ösüşler netijesinde Aşgabat şäheri bütin dünýäniň üns merkezindäki şäherleriň birine öwrüldi. Her ýylyň maý aýynyň ahyryna Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýän halkara serginiň, türkmen paýtagtynda guralýan beýleki köp sanly iri maslahatlaryň, ýarmarkalaryň, duşuşyklaryň mysalynda-da türkmen paýtagtynyň möhüm işewürlik merkezleriniň birine öwrülýändigine göz ýetirmek bolýar. “Ak şäherim Aşgabat” sergisi bolsa şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gazanylan üstünlikleriň we geljekki meýilnamalaryň görkezilýän möhüm ähmiýetli meýdançasy hökmünde uly abraýdan peýdalanýar.
Ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamalary we taslamalary däbe öwrülen sergini görmäge barýan müňlerçe adamyň ünsüni çekýär, olar serginiň innowasiýa häsiýetini, onuň ýokary guramaçylyk derejesini belläp geçýärler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan sergä uly gyzyklanma bildirilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Sebäbi häzirki wagtda Türkmenistan bütin dünýäniň üns merkezindäki döwletleriň biri bolmagynda Aşgabat şäherine möhüm orun degişlidir.
«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisi hyzmatdaşlygyň köp ugurlary, şol sanda Aşgabat şäherine täze maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşantdyr. Özara gyzyklanma bildirilýän geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen netijeli gepleşikleriň jemleri täze gatnaşyklary ýola goýmakda esas bolup hyzmat edýär, olaryň durmuşa geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde ygtybarly binýat bolýar.
Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar paýtagtymyzyň keşbini düýpgöter özgertdi. Durmuş düzümlerini kämilleşdirmäge toplumlaýyn çemeleşmegi, abadanlaşdyrmagy we bagy-bossanlyga öwürmegi, tutuşlygyna şäher hojalygyny döwrebaplaşdyrmagy öz içine alýan ägirt uly maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýratyn nygtamak isleýäris.
Şonuň netijesinde, türkmen paýtagty tanalmaz ýaly derejede özgerdi we hemmeleriň üns merkezindäki şähere öwrüldi. Şeýlelikde, häzir tutuş sebitde işewürligiň, medeni gatnaşyklaryň, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hasaplanýan Aşgabat döwrebap, depginli ösýän şäheriň özboluşly keşbini özünde jemleýär.
Türkmenistan Watanymyzda gazanylýan ähli üstünlikleriň ruhlandyryjysy bolan milli Liderimize biziň hoşallygymyzyň çägi ýokdur!
Biz Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň bähbidinden ugur alýan ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny hemişe dileg edýäris!
Maral Sopytaganowa,
Balkanabat şäherindäki 15-nji
orta mekdebiň mugallymy.