Ýurduň ösüşi köp babatda ykdysadyýetiň döwlet tarapyndan netijeli düzgünleşdirilmegine bagly bolup durýar. Türkmen Lideriniň ýurdumyzy ösdürmek boýunça strategik öňdengörüjiligi Türkmenistanyň örän baý tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda häzirki döwürde gurluşyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň 49 milliard amerikan dollaryna golaýdygyny belledi. 2016-njy ýyl üçin gurluşyk maksatnamasy örän giň gerimli bolup, 387 sany iri desgany gurup, ulanmaga bermek, şeýle hem 7 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar.
2015-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny amala aşyrmaga goşmaça itergi beren ähmiýetli çözgüt boldy. Bu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçilikleri döretmäge ýardam eder.
Ýangyç-energetika pudagyna degişli desgalaryň gurluşygynyň deňi-taýy bolmadyk gerimi, täze kuwwatlyklaryň ulanmaga berilmegi, bar bolan önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge ýardam edýär. Türkmenistanda tebigy gaz gorlarynyň ägirt uly möçberleriniň bolmagy himiýa senagatyny ösdürmäge mümkinçilik berýär, azot dökünlerini, şol sanda oba hojalygynda, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagynda giňden ulanylýan karbamidiň önümçiliginiň gurulmagyna şert döredýär. Häzirki döwürde “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” kärhanalarynda öndürilýän önümleriň umumy möçberleri içerki islegleri doly kanagatlandyryp, 550 müň tonna çenli döküni daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berýär. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýylylyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna bolan karbamid zawodynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Bu taslama “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi Сorpation” we Türkiýäniň “Gap Inşaat” gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, durmuşa geçirilýär.
Ýyllyk kuwwaty 500 müň tonna bolan kükürt kislotasyny öndürýän iri maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Ol ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurulýar. Täze sehiň önümleri ýurdumyzyň oba hojalygyny zerur bolan ýokary hilli fosfor dökünleri bilen üpjün etmäge, galan bölegini bolsa eksporta ugratmaga niýetlenendir.
Türkmenistanda ilkinji, Merkezi Aziýa sebitinde bolsa, iri kaliý duzlarynyň tebigy ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Geologiýa barlaglaryň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk ýatagynda bar bolan çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu ýerde ägirt uly senagat merkezi döredilýär.
Gymmatly himiýa serişdeleriniň täsin çeşmesi hasaplanylýan Garabogazköl aýlagynda bar bolan gidromineral serişdelerini bilelikde toplumlaýyn esasda özleşdirmek işleri, natriý sulfatyny we beýleki himiýa önümlerini öndürmek, öňdebaryjy tehnologiýalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge we dünýä belli kompaniýalaryň enjamlaryny ornaşdyrmaga çekmek işlerine uly üns berilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, şeýle hem Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde tehniki ýody we bromy öndürýän täze desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Balkanabat şäheriniň golaýynda kaustik sodany, suwuk hlory we hlor önümlerini, tehniki ýody we brom önümlerini öndürýän senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.
Häzirki döwürde Daşoguz şäherinde ýyllyk kuwwaty demir-beton önümleriniň 50 müň inedördül metrine barabar bolan demirbeton önümleri zawody döwrebaplaşdyrylýar. Owadandepedäki metallurgiýa we gazbeton zawodlary, Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky sement zawody ýaly gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna önjeýli goşant goşýarlar. Balkan we Lebap welaýatlarynda sementiň ýokary berkligi bolan, gidrotehniki desgalar üçin sulfata durnukly görnüşlerini öndürýän zawodlaryň ulanmaga berilmegi bilen, tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyklary sement bilen üpjün etmek wezipesini doly çözdi.
Häzirki wagtda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ukyply nesillerimiz bar. Aşgabatda Tehnologiýalar uniwersitetini hem-de türkmen-ýapon mekdebini açmak baradaky çözgüt hem şu maksada gönükdirilendir.
Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmäge, innowasion önümçiligi ösdürmäge tarap alnan ugur milli Liderimiziň ösüş-özgertmeler ýoludyr.
Biz hormatly Prezidentimiziň ähli tutumlarynyň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Batyr NOWRUZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.