Film önüm­çi­li­gin­de san ba­bat­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy­sy ha­sap­lan­ýan Bol­li­wu­dyň iň gir­de­ji­li ki­no­la­ry­na se­re­de­ni­miz­de, ýyl­dyz akt­ýor­la­ryň film­le­ri sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. Öň­dä­ki orun­la­ry hin­di ki­no sun­ga­ty­nyň 3 uly Ha­ny­nyň iki­si­niň, has ta­ky­gy, Aa­mir Han bi­len Sal­man Ha­nyň film­le­ri eýe­le­ýär. Ola­ryň ara­sy­na ta­mil we te­le­gu di­lin­de ek­ran­laş­dy­ry­lan “Baa­hu­ba­li” ro­wa­ýa­ty ha­kyn­da­ky film­le­riň go­şul­ma­gy aý­ra­tyn ün­si çek­ýär. Il­kin­ji 10 fil­miň ara­syn­da di­ňe 2 sa­ny­sy­nyň hin­di di­lin­de bol­ma­dyk, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, Bol­li­wu­da de­giş­li bol­ma­dyk ki­no­lar­dy­gy­ny hem bel­läp ge­çe­liň. Ola­ryň iki­si-de “Baa­hu­ba­li” film­le­ri­dir. Soň­ky ýyl­lar­da hin­di film­le­ri­niň gir­de­ji­le­ri­ni art­dyr­ma­gyn­da hy­taý pro­kat­la­ry­nyň diý­seň uly orny bar. Hat­da şol film­le­riň kä­bir­le­ri­niň Hin­dis­tan­da ga­za­na­nyn­dan Hy­ta­ýyň pro­kat­la­ryn­dan ýyg­nan­la­ry has köp­dür.
Sa­naw­da 1-nji ha­tar­da Aa­mir Ha­nyň prod­ýu­ser­lik eden hem-de baş keşp­de su­ra­ta dü­şen “Dan­gal” (Dan­gal, 2016) ki­no­sy bar­ýar. 11 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­len bu film 330 mil­li­on dol­lar gir­de­ji ga­zan­dy. Hin­dis­tan­da­ky il­kin­ji gö­re­şi­ji ze­nan ba­ra­da söh­bet aç­ýan bu film ga­za­nan 330 mil­li­on dol­la­ry­nyň 190 mil­lio­ny­ny Hy­taý­da­ky pro­kat­lar­dan ga­za­nyp­dyr.
2-nji bas­gan­çak­da ge­çen ýyl to­ma­şa­çy­la­ra ýe­ti­ri­len “Baa­hu­ba­li – 2: ne­ti­je” (Baa­hu­ba­li 2: The Conclu­si­on) fil­mi bo­lup, ol 260 mil­li­on dol­lar­lyk kas­sa ýy­gy­my­ny top­la­dy. 3-nji ýer­dä­ki film hem Aa­mir Ha­nyň ki­no­sy bo­lup, ol “Su­per ýyl­dy­zyň sy­ry” (Secret Su­pers­tar, 2017) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Aý­dym-saz bi­len meş­gul­lan­ma­gy ýü­re­gi­ne dü­wen ýa­şa­jyk gy­zyň baş­dan ge­çi­ren­le­ri ba­ra­da söh­bet aç­ýan film pro­kat­lar­dan 154 mil­li­on dol­lar ga­zan­dy. 4-nji or­ny Sal­ma­n Ha­nyň baş keşp­de çy­kyş eden “Baj­ran­gi­li do­gan­lar” (Baj­ran­gi Bhai­ja­an, 2015) fil­mi eýe­le­ýär. 14 mil­li­on dol­la­ra su­ra­ta al­nan ki­no 151 mil­li­on dol­lar ga­zan­dy. Hin­di ki­no sun­ga­tyn­da il­kin­ji bo­lup 100 mil­li­on dol­la­ra ýe­ten ”Pi­keý” (PK, 2014) fil­mi sa­na­wa 5-nji ha­tar­dan go­şul­ýar. Aa­mir Ha­nyň uly go­wur tur­zan bu ki­no­sy 140 mil­li­on dol­lar­lyk ga­zanç et­di. “Baa­hu­ba­li: baş­lan­gyç” (Baa­hu­ba­li: The Be­gin­ning, 2015) ki­no­sy 100 mil­li­on dol­lar­lyk gir­de­ji­si bi­len 6-njy ýe­ri eýe­le­ýär. “Sul­tan” (Sul­tan, 2016), “Motosiklçiler – 3” (Dhoom 3, 2013), “Pad­maa­wa­ti” (Pad­maavat, 2018), “Tigr ýa­şa­ýar” (Ti­ger Zin­da Hai, 2017) il­kin­ji on­lu­gy jem­le­ýän beý­le­ki ki­no­lar­dyr.