Kino dünýäsiniň iň uly sylagy bolan Oskar baýraklarynyň nobatdaky dabarasynyň geçiriliş senenamasy mälim edildi. Şunlukda, 91-nji Oskar dabarasy 2019-njy ýylyň 24-nji fewralynda geçiriler. Geljek ýylyň 7–14-nji ýanwary aralygynda Akademiýanyň agzalary dalaşgärlere ses bererler. Haýsy filmdir artistleriň, režissýorlaryň… dalaşgär bolandygy 22-nji ýanwarda yglan ediler. Dalaşgärleriň mälim edilmeginden soň, ýeňijileri saýlamak üçin ses berlişik geçiriler (12–19-njy fewral). 24-nji fewralda-da 24 ugurdan ýeňijilere kino sungatynyň iň arzyly heýkeljikleri gowşurylar. Galyberse-de, şu ýylyň 18-nji noýabrynda Oskaryň “Governors” hem-de geljek ýylyň 9-njy fewralynda Ylmy we tehniki baýraklarynyň ýeňijileri mälim ediler.