Re­žiss­ýo­ry: En­to­ni Rus­so, Jou Rus­so
Keşp­ler­de: Ro­bert Daw­ni ki­çi­si, Kris Hems­wort, Mark Ruf­fa­lo, Kris Ewans, Skar­lett Ýo­hans­son, Be­ne­dikt Kam­ber­betç, Don Çidl, Tom Hol­land, Çad­wik Bo­uz­man, Pol Bet­ta­ni, Eli­za­bet Ol­sen, En­to­ni Ma­ki, Se­bas­ti­an Stan, Tom Hiddls­ton, Da­nai Gu­ri­ra, Le­ti­şa Raýt, Deýw Bau­tis­ta, Zoi Sal­da­na, Joş Bro­lin, Kris Pratt, Ka­ren Gil­li­an, Je­re­mi Ren­ner, Ko­bi Smol­ders, Be­ne­dikt Wong, Pol Radd, Be­ni­sio Del To­ro, Win Di­zel
Prod­ýu­se­ri: Ke­win Faý­gi
Sse­na­ri­çi­le­ri: Kris­to­fer Mar­kus, Ste­fen Mak­Fi­li (Sten Li­niň hem-de Jek Kir­bi­niň
The Aven­gers” at­ly ko­miks­le­ri esa­syn­da)
Kom­po­zi­to­ry: Alan Sil­west­ri
Ön­dü­ri­ji: “Marvel Stu­di­os”
Paý­laý­jy: “Walt Dis­ney Stu­di­os Mo­ti­on Pictu­res”
Do­wam­ly­ly­gy: 149 mi­nut
Gör­nü­şi: su­per gah­ry­man­lar,
uruş­ly, baş­dan ge­çir­me
Ýur­dy: ABŞ
Di­li: iň­lis­çe
Býu­je­ti: 300–400 mil­li­on $.

Soň­ky ýyl­lar­da ki­no sun­ga­ty­na ön­jeý­li go­şant go­şýan “Marvel Comics” şe­re­ke­ti­niň no­bat­da­ky, has ta­ky­gy, 19-njy fil­mi düýn­den baş­lap, dün­ýä pro­kat­la­ryn­da gör­ke­zi­lip ug­ra­dy. “Comics”-le­riň tas­ äh­li hy­ýa­ly gah­ry­man­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän bu fil­me do­gan­lar En­to­ni we Jou Rus­so­lar re­žiss­ýor­lyk et­di. Olar oza­lam “Marvel” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Ka­pi­tan Ame­ri­ka: gyş es­ge­ri” hem-de “Ka­pi­tan Ame­ri­ka: ra­ýat­lyk ur­şy” kinolaryny ek­ran­laş­dy­ryp­dy­lar. 149 mi­nut­lap do­wam ed­ýän ýy­lyň iri tas­la­ma­sy­nyň sse­na­ri­si­ni Kris­to­fer Mar­kus bi­len Ste­fen Mak­Fi­li bi­le­lik­de ýaz­dy. “Marvel”-iň beý­le­ki ek­ran eser­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Ke­win Faý­gi bu fil­me-de prod­ýu­ser­lik et­di. Ki­no­da su­ra­ta dü­şen ar­tist­ler ba­ra­da bel­läp geç­sek, bu ek­ran ese­rin­de Gol­li­wu­dyň 30-a go­laý ta­ny­mal ar­tis­tleri dür­li gah­ry­man­la­ryň keşp­le­ri­ni jan­lan­dyr­dy­lar. Olar “Marvel”-iň beý­le­ki ki­no­la­ryn­da-da su­ra­ta dü­şen Ro­bert Daw­ni ki­çi­si, Kris Hems­wort, Mark Ruf­fa­lo, Kris Ewans, Skar­lett Ýo­hans­son, Be­ne­dikt Kam­ber­betç, Don Çidl, Tom Hol­land, Çad­wik Bo­uz­man, Pol Bet­ta­ni, Eli­za­bet Ol­sen, En­to­ni Ma­ki, Se­bas­ti­an Stan, Tom Hiddls­ton, Zoi Sal­da­na… da­gy dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­sy­na gö­rä, film il­kin­ji hep­de­sin­de 250 mil­li­on dol­lar­dan gow­rak girdeji ga­za­nar. Umu­my­lyk­da, bu kinonyň 1,5 mil­liard dol­la­ra go­laý gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le-de fil­miň ady do­ly bel­li edil­me­dik 2-nji bö­lü­mi-de gel­jek ýy­lyň ap­rel aýyn­da pro­ka­ta çy­kar.
“Ka­pi­tan Ame­ri­ka: ra­ýat­lyk ur­şy” fil­min­dä­ki wa­ka­lar­dan 2 ýyl geç­ýär. Gah­ry­man­lar üçin tä­ze uly, ýe­ňil­me­zek howp peý­da bol­ýar. Ta­nos at­ly duş­man Ýer şa­ry­na özü­niň san­ýet­mez leş­ger­le­ri bi­len ga­dam bas­ýar. Ol mü­di­mi­lik daş­la­ry­na eýe bo­lup, güý­jü­ni has-da art­dyr­mak is­le­ýär. Bu bol­sa, ar aly­jy­la­ryň köp­den bä­ri öz­le­ri üçin ga­ra­şyp ýö­ren pur­sat­la­ry­nyň ge­lip ýe­ten­di­gi­ni aň­lad­ýar. Olar, has ta­ky­gy, “Aven­gers” to­pa­ry Ga­lak­ti­ka­nyň sak­çy­la­ry bi­len bi­ri­gip, he­re­ket et­me­li bol­ýar­lar. Adam­za­dyň gel­je­gi hiç ha­çan beý­le howp as­tyn­da bol­man­dy…