Dür­li ýol şert­le­rin­de gidýän aw­tou­la­gyň we mo­to­sik­liň bar­dy­gy hem­mä mä­lim­dir. Esa­san hem soň­ky ýyl­lar­da SUV at­ly ulag­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Ang­li­ýa­da iş alyp bar­ýan ital­ýan “Mo­to Pa­ril­la” kom­pa­ni­ýa­sy we­lo­si­pe­diň SUV nus­ga­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy. “Car­bon” at­ly we­lo­si­pe­diň daş­ky gör­nü­şi mo­to­ry ýa­da sal­ýar. Onuň giň we has uzyn hyr­ly ti­gir­le­ri bar. 8 bas­gan­çak­ly “Shi­ma­no Nexus” tiz­lik ge­çi­ri­ji­si tiz­li­gi­ni we ba­ta­re­ýa­sy­nyň gör­kez­ýän LED ek­ra­ny we­lo­si­pe­di has hem özü­ne çe­ki­ji gör­kez­ýär. 250 watt­lyk “Shi­ma­no Steps” elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­si onuň gym­ma­ty­ny has art­dyr­ýar. Ýew­ro­pa ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da 25 km/s-dan ga­ty git­me­ýän we­lo­si­pe­diň ýol he­re­ke­ti­niň ýok ýe­rin­de 35 km/s tiz­lik bi­len gid­ýän 500 watt­lyk gör­nü­şi hem bar. Onuň ba­ta­re­ýa­sy 80 ki­lo­met­re çen­li git­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. “Kickstar­ter” ar­ka­ly je­mi 100 müň funt ster­ling pul ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len ta­nyş­dy­ry­lan tas­la­ma 250 watt hem-de 500 watt nus­ga­la­ry üçin de­giş­li­lik­de, 1345 we 1580 funt ster­ling nyrh kes­di.