“Porsche” kompaniýasy 718-nji seriýasynyň täze agzasy “718 Cayman”-y tanyşdyrdy. Hereketlendirijisi ortada ýerleşdirilen sport modeliniň dördünji nesli bolan ulagyň daşky şekili has özüne çekiji. Kompaniýanyň bu ulagy garaşylandan has arzan bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Onda ýokary tehnologiýadan peýdalanylypdyr hem-de daşky şekili üýtgedilipdir. Ulagyň öňünde we gapdallarynda howa sorujy deşikler we öň tarapynyň ýiti bolmagy ulagy has kaşaň görkezýär. Täze ulagyň içi “918 Spyder” modelindäkä meňzedilipdir. Onuň iň kiçi nusgasynyň hereketlendirijisiniň göwrümi 2 litr, kuwwaty 300 at güýjüne barabar. Iň ýokary tizligi 275 km/s. “718 Cayman S” modeli has kuwwatly bolup, onuň ýokary tizligi 285 km/s.