Fotoenjamlary öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy ýokary durulykda täze apparatyny tanyşdyrdy. “Smartfonlaryň ýokary hilli suratlary alyp bilýän döwründe entegem şeýle enjamlary barmy?” diýen tebigy sorag ýüze çykmagy mümkin. Onuň has uzakdan has dury suratlary alyp bilmegi iň uly artykmaçlygy hasaplanýar. Şol sebäpden oňa islegiň ýokary boljakdygy ikuçsyzdyr. “PowerShot SX620 HS” atly fotoapparatyň 20,2 megapiksellik CMOS sensory we “DIGIC 4+” mikroprosessory smartfona garanyňda has dury suratlary almaga mümkinçilik berýär. Onuň bilen alnan suratlary beýleki enjamlara geçirmek üçin hem dürli arabaglanyşyk usullary bar. Şeýle hem NFS we WiFi aýratynlyklarynyň hem bolmagy onuň artykmaç taraplary hasaplanýar.