Ýew­ro­wi­de­ni­ýe aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­niň 61-nji­si Şwe­si­ýa­nyň paý­tag­ty Stok­golm­da ge­çi­ri­lip, on­da Uk­rai­na­nyň adyn­dan çy­kyş eden ze­nan aý­dym­çy Ja­ma­la 1-nji ýe­ri eýe­le­di. Do­ly ady Su­sa­na Ja­ma­la­di­no­wa bo­lan 32 ýaş­ly aý­dym­çy­nyň iň­lis we ta­tar dil­le­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ren “1944” at­ly aý­dy­my emin­ler­den hem-de halk köp­çü­li­gin­den je­mi 534 utuk ga­zan­dy. Bu uk­rai­na­ly aý­dym­çy­la­ryň Ýew­ro­wi­de­ni­ýe aý­dym-saz bäs­le­şik­le­rin­dä­ki 2-nji ýeň­şi bo­lup, Ja­ma­la­dan öň 2003-nji ýyl­da Stam­bul­da­ky ýa­ryş­da Rus­la­na “Wild Dances” at­ly aý­dy­my bi­len 1-nji or­ny eýe­läp­di.
Stok­golm­da­ky “Ericsson Glo­be” are­na­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­da 2-nji or­na ge­çen ýyl­dan bä­ri myh­man hök­mün­de gat­naş­ýan Awst­ra­li­ýa döw­le­ti­niň we­ki­li Da­mi Im my­na­syp bol­dy. Onuň aý­dan “Sound of Si­lence” at­ly aý­dy­my 511 utuk top­la­dy. Şow­ly çy­kyş eden rus­si­ýa­ly aý­dym­çy Ser­geý La­za­rew iň­lis di­lin­dä­ki “You Are the On­ly One” aý­dy­my bi­len 491 utuk ga­za­nyp, 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýer eýe­le­ri­niň 5-nji bo­lan ýa­ry­şyn­da 4-nji bas­gan­ça­ga “If Love Was a Cri­me” aý­dy­my üçin bol­ga­ri­ýa­ly Po­li Ge­no­wa my­na­syp bol­dy.
1956-njy ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Ýew­ro­wi­de­ni­ýe aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­ne bu ýyl 36 ýur­duň we­ki­li gat­na­şyp, ola­ryň 26-sy fi­nal­da çy­kyş et­di. Ýew­ro­wi­de­ni­ýe aý­dym-saz bäs­le­şi­gi gel­jek ýyl adat­ça bol­şy ýa­ly, ýe­ne-de maý aýyn­da bu ýyl­ky ýe­ňi­ji bo­lan ýurt­da, ýag­ny Uk­rai­na­da ge­çi­ri­ler.