Ge­çen hep­dä­niň an­na gü­ni pro­ka­ta çy­kan “Ar aly­jy­lar: mü­di­mi­lik ur­şy” (Aven­gers: In­fi­ni­ty War) fil­mi il­kin­ji hep­de­sin­de, has ta­ky­gy, il­kin­ji 3 gün­de esa­sy re­kord­la­ry tä­ze­le­di. Film De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň pro­kat­la­ryn­da iň şow­ly baş­lan­gyç ga­za­nan ek­ran ese­ri bol­dy. Do­gan­lar Rus­so­la­ryň re­žiss­ýor­lyk eden ki­no­sy 258 mil­li­on dol­lar ga­za­nyp, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ozal­ky re­kord 248 mil­li­on dol­lar bi­len “Ýyl­dyz sö­weş­le­ri: güýç oýan­ýar” (Star Wars: The Force Awa­kens, 2015) fil­mi­ne de­giş­li­di. Gol­li­wu­dyň 30-a go­laý ýyl­dy­zy­ny özün­de jem­le­ýän “Ar aly­jy­lar: mü­di­mi­lik ur­şy” il­kin­ji hep­de­sin­de tu­tuş dün­ýä pro­kat­la­ryn­dan 640,5 mil­li­on dol­lar top­lap, ge­çen ýyl­ky “For­saž – 8” (The Fa­te of the Fu­rious, 2017) fil­mi­niň 542 mil­li­on dol­lar­lyk re­kor­dy­ny hem tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. “Marvel” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan bu ek­ran ese­ri Hy­ta­ýyň pro­kat­la­ryn­da gör­ke­zi­lip baş­la­na­nyn­dan soň, gir­de­ji­si­ni has hem art­dy­rar. Bi­ler­men­ler ýy­lyň iri tas­la­ma­sy bo­lan bu ki­no­nyň 2 mil­liard dol­lar­da­nam köp gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ga­raş­ýar­lar. Film il­kin­ji 7 gü­nüň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 858 mil­li­on dol­la­ra go­laý kas­sa ýy­gy­my­ny top­la­dy.