Uruş­ly ki­no­la­ryň us­sat akt­ýo­ry Sil­wes­ter Stal­lo­ne “Rem­bo” film­le­ri­niň 5-nji­si­niň taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne baş­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. We­te­ran akt­ýor tä­ze fil­me režissýorlyk etmegi göz öňünde tutmaýandygyny, ýöne baş keşbi janlandyrjakdygyny aý­dyp, onuň sse­na­ri­si­ni ýa­zyp ug­ran­dy­gy­ny be­ýan et­di. Ki­no­nyň su­ra­ta al­nyş iş­le­ri­ne sent­ýabr aýyn­da ba­dal­ga be­ril­jek­di­gi­ni ha­bar be­ren Stal­lo­ne film­dä­ki wa­ka­la­ryň Mek­si­ka­da geç­ýän­di­gi­ni gürrüň berdi.
De­wid Mor­rell ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len Jon Rem­bo gah­ry­ma­ny­nyň baş­dan ge­çir­me­le­ri il­kin­ji ge­zek 1982-nji ýyl­da peýda bolupdy (“Il­kin­ji gan”, First Blood). 2-nji film 1985-nji ýyl­da, 3-nji ki­no-da 1988-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kyp­dy. Fil­miň muş­dak­la­ry 4-njisine 20 ýyl ga­raş­ma­ly bo­lup­dy. 2008-nji ýyl­da pro­ka­ta goý­be­ri­len “Rem­bo – 4” fil­mi­ne Stal­lo­ne­niň özi re­žiss­ýor­lyk edip­di.