Filmlere kinoteatrlarda tomaşa etmegiň özboluşly lezzeti bolup, şu ýörgünli däp ýedinji sungat döräli bäri dowam edip gelýär. “Awatar” filminden soň, kinolara 3D görnüşinde tomaşa etmek ýoň bolup başlapdy. Ýöne soňky ýyllarda 3D görnüşindäki filmlere islegleriň pese gaçýandygy bellenilýär. Geçen ýylda kino muşdaklary filmlere kinoteatrlarda tomaşa etmek üçin 40,6 milliard dollar sarp etdi. Şonuň 11,1 milliard dollary Demirgazyk Amerikanyň prokatlaryna degişlidir. ABŞ we Kanadadaky kinoteatrlarda görkezilen filmlerden gazanylan 11,1 milliard dollaryň 12 göterimi-de 3D görnüşindäki kinolaryň paýyna düşýär. Bu bolsa 2009-njy ýyldakydan bäri iň pes görkeziji diýmekdir. 3D ulgamynyň kinolaryň hilini peseldýändigi, özboluşly hiç hili goşandynyň ýokdugy, üstesine-de çykdajysynyň ýokarydygy, şol birwagtyň özünde-de tomaşaçyny azda-kände birahat edýändigi bellenilýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, kompýuter oýunlarydyr teleýaýlymlardan soň, filmlerdäki 3D ulgam hem ýuwaş-ýuwaş ulanyşdan galar. 3D ulgamyny bu pese gaçyşlykdan öňümizdäki ýyllarda peýda boljak “Awatar – 2” filmi hem halas edip bilmez diýip, kinotankytçylar aýdýar.