Meş­hur aý­dym­çy Kris­ti­na Agi­le­ra 6 ýyl­dan soň, tä­ze al­bom çy­ka­rar. Onuň tä­ze al­bo­my “Li­be­ra­ti­on” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bu ame­ri­ka­ly aý­dym­çy­nyň 8-nji al­bo­my bo­lup, ol 15 aý­dym­dan yba­rat­dyr. “So­ny Mu­sic” şe­re­ke­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da taý­ýar­la­nan al­bom 15-nji iýun­dan baş­lap, satuwa çykarylar. Go­laý­da 37 ýaş­ly zenan aý­dym­çy şol al­bom­dan bir aý­dy­myň, ýag­ny “Accele­ra­te” at­ly aý­dy­myň kli­bi­ni hem taý­ýar­lap, halk köp­çü­li­gi­ne hö­dür­le­di. Muş­dak­lar ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­la­nan şe­kil­li aý­dy­ma Zo­eý Gross­man re­žiss­ýor­lyk et­di.
6 “Grem­mi” baý­ra­gy­nyň eýe­si Kris­ti­na Agi­le­ra şu wag­ta çen­li çy­ka­ran 7 al­bo­my­nyň tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça 43 mil­li­on­dan gow­rak nus­ga­sy sa­tyn alyn­dy. Gol­li­wud­da­ky Şöh­rat­ly­lar al­le­ýa­syn­daky (Hol­ly­wo­od Walk of Fa­me) ýyl­dy­zlaryň hataryna adyny ýazdyran aý­dym­çy­nyň 5 aý­dy­my “Bill­board Hot 100”-üň sa­na­wyn­da birnäçe hepde 1-nji or­ny saklapdy.