Kör­pe­le­riň uly hö­wes bi­len oka­ýan “Tin­ti­niň baş­dan ge­çi­ren­le­ri” ko­miks­le­ri­ni dö­re­den bel­gi­ýa­ly Žorž Pros­per Re­miniň, has ýörgünli ady, Er­že­niň çe­ken su­ra­ty gym­mat ba­ha sa­tyl­dy. Pa­riž­de ge­çi­ri­len “Chris­tie’s” auksion öýün­de satuwa çy­ka­ry­lan bu su­rata 629 müň ýew­ro tö­len­di. Er­že ta­ra­pyn­dan çe­ki­len su­rat ko­miks­le­riň 7-nji ki­ta­by bo­lan “Ot­to­ka­ryň ha­sa­sy” üçin baş sa­hap hök­mün­de 1939-njy ýyl­da taý­ýar­la­nyp­dy. Ozal ýeke saparam auksiona çykarylmadyk bu surat ady ag­za­lan ki­tap­da ula­nyl­man­dy. Şeý­le-de Erženiň mun­dan oza­lam ga­ra ga­lam­da çe­ken “Tin­ti­niň Aýa sy­ýa­ha­ty” hem-de “Şan­haý­da­ky baş­dan ge­çir­me­le­ri” at­ly su­rat­la­ry ýo­ka­ry ba­ha sa­ty­lyp­dy.