Il­kin­ji hep­de­sin­de 2 esasy rekordy täzelen “Ar aly­jy­lar: mü­di­mi­lik ur­şy” (Aven­gers: In­fi­ni­ty War) ki­no­sy gir­de­ji­si­ni 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çir­di. Do­gan­lar Rus­so­la­ryň su­ra­ta dü­şü­ren we 30-a go­laý ýyl­dy­zyň keşp jan­lan­dy­ran fil­mi şu gü­ne çen­li 1 mil­liard 251 mil­li­on dol­lar ga­zanç et­di. Mälim bolşy ýaly, film hem Demirgazyk Amerikada, hem-de tutuş dünýäde prokatlara iň şowly başlan film diýen rekordlary täzeläpdi. Ekran eseri hä­zir­ki wagt­da “Ga­ra Pan­te­ra” (Black Pant­her) ki­no­syn­dan soň, ýy­lyň iň köp gir­de­ji­li 2-nji ek­ran ese­ri­dir. Gir­de­ji­si­ni 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çi­ren 34-nji ki­no bo­lan “Ar aly­jy­lar: mü­di­mi­lik ur­şy” umu­my sa­naw­da 13-nji orun­da bar­ýar. Öňü­miz­dä­ki gün­ler­de fil­miň has ýo­kar­ky bas­gan­çak­la­ra geç­jek­di­gi­ni anyk aýt­sa bo­lar.