Öň­de­ba­ry­jy ki­no fes­ti­wal­la­rynyň bi­ri bo­lan Kann film şü­we­le­ňin­de baş baý­ra­ga ýa­pon fil­mi my­na­syp bol­dy. 11 gün­läp do­wam eden 71-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da iň go­wy fil­me be­ril­ýän “Al­tyn pal­ma” (Palm d’Or) baý­ra­gy ýa­po­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Hi­ro­ka­zu Ko­re-eda­nyň “Dü­kan og­ru­la­ry” (Man­bi­ki Ka­zo­ku) at­ly ki­no­sy­na gow­şu­ryl­dy. Ol bu hor­ma­ta la­ýyk gör­len 5-nji ýa­pon ki­no­sy­dyr. On­dan öň 1954-nji ýyl­da Tei­no­su­ke Ki­nu­ga­sa­nyň “Dow­za­hyň ga­py­sy” (Ji­go­ku-mon), 1980-nji ýyl­da Aki­ra Ku­ro­sa­wa­nyň “Ka­ge­mu­şa”, 1983-nji ýyl­da Şo­hei Ima­mu­ra­nyň “Na­ra­ýa­ma ha­kyn­da bal­la­da” (Na­raya­ma bus­hi­ko) hem-de 1997-nji ýyl­da ýe­ne-de Şo­hei Ima­mu­ra­nyň “Ýy­lan­ba­lyk” (Una­gi) ki­no­la­ry “Al­tyn pal­ma­ny” ga­za­nyp­dy.
Ame­ri­ka­ly meş­hur re­žiss­ýor Spaýk Li­niň tä­ze ese­ri “Ga­ra klan” (BlacKkKlans­man) ki­no­sy “Gran Pri” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy­ny “So­wuk sö­weş” (Zim­na Woj­na) fil­mi üçin pol­şa­ly re­žiss­ýor Pa­wel Paw­li­kows­ki eýe­le­di. Iň go­wy akt­ri­sa diý­lip, ga­zak fil­mi Ser­geý Dwor­se­wo­ýyň su­ra­ta dü­şü­ren “Aý­ka” (Ayka) ki­no­sy­nyň ýyl­dy­zy, gazagyztanly artist Sa­mal Ýesl­ýa­mo­wa saý­lan­dy. Iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy-da ital­ýan re­žiss­ýo­ry Mat­teo Gar­ro­ne­niň “Dog­man” (Dog­man) fil­min­dä­ki keş­bi üçin Mar­sel­lo Fon­tä gow­şu­ryl­dy. Iň go­wy sse­na­riý baý­ra­gy­ny 2 film paý­laş­dy. Ýag­ny bu ar­zy­ly baý­ra­ga eý­ran­ly Ja­far Pa­na­hi­niň “Üç roý” (Se Roh) hem-de ita­li­ýa­ly ze­nan re­žiss­ýor Ali­çe Ro­rwa­he­riň “Şa­dy­ýan Laz­za­ro” (Laz­za­ro Fe­lice) film­le­ri la­ýyk gö­rül­di. Emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy­na-da kö­çe­ler­de ýa­şa­ýan ça­ga­lar we bos­gun­la­ryň dur­mu­şyn­dan söh­bet aç­ýan “Ka­per­na­um” (Caper­na­um) fil­mi üçin li­wan­ly ze­nan re­žiss­ýor Na­din La­ba­ki my­na­syp bol­dy. Fran­suz ki­no sun­ga­ty­nyň ägir­di, us­sat re­žiss­ýor Žan-Lýuk Go­dar “Su­ra­tyň ki­ta­by” (Le Livre d’ima­ge) at­ly fil­mi üçin ýö­ri­te “Al­tyn pal­ma” baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Il­kin­ji re­žiss­ýor­lyk işi üçin be­ril­ýän “Al­tyn ka­me­ra” baý­ra­gy­na “Gyz” (Girl) at­ly fil­mi üçin Lu­kas Dont la­ýyk gö­rül­di. “Baş­ga­ça ga­ra­ýyş” (Un Cer­ta­in Re­gard) bö­lü­mi­niň baş baý­ra­gy­na as­ly eý­ran­ly şwed re­žiss­ýo­ry Ali Ab­ba­si­niň “Ara­çäk” (Grans) ki­no­sy my­na­syp bol­dy.
8-nji maý­da baş­la­nan 71-nji Kann film fes­ti­wa­lyn­da 21 ki­no baş baý­rak ug­run­da bäs­le­şi­ge al­nyp­dy. Çan Çen, Awa Du­Wer­naý, Ro­bert Ge­dig­ýan, Kris­ten Stýu­wart, De­ni Wiln­ýow, Lea Seý­du, And­reý Zwýa­gin­sew hem-de Kad­ža Nin da­gy­dan dü­zü­len emin­ler to­pa­ry­na-da os­kar­ly meş­hur akt­ri­sa Keýt Blan­şett baş­tu­tan­lyk et­di.
Kann film fes­ti­wa­ly 1946-njy ýyl­dan bä­ri Fran­si­ýa­nyň Kann şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy 3 ki­no fes­ti­wa­ly­nyň bi­ri (beý­le­ki­le­ri Ber­li­na­le bi­len We­ne­si­ýa) ha­sap­lan­ýan Kann film şü­we­le­ňin­de iň go­wy film “Al­tyn pal­ma” bi­len sy­lag­la­nyl­ýar.