Aý­dym-saz dün­ýä­si­niň ab­raý­ly sy­lag­la­ryn­dan “Bill­board Mu­sic Awards” baý­ra­gy­nyň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri Las We­gas­da ge­çi­ri­len şow­hun­ly da­ba­ra­da mäilm edildi. Bu ýyl 25-nji ge­zek ge­çi­ri­len da­ba­ra­dan bri­ta­ni­ýa­ly Ed Şi­ran hem-de ame­ri­ka­ly Kend­rik La­mar 6 baý­rak bi­len do­lan­dy. Olaryň ikisi-de, Dreýk bilen bir hatarda, 15 ugur­dan da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nipdi. Soň­ky wagt­la­ryň iň söý­gü­li aý­dym­çy­sy Ed Şi­ran da­ba­ra­nyň esa­sy sy­lag­la­ry­ny – ýy­lyň sun­gat iş­gä­ri, ýy­lyň er­kek sun­gat iş­gä­ri, ýy­lyň iň köp aý­dy­my sa­tyn al­nan aý­dym­çy­sy ýa­ly baý­rak­la­ry­ ga­zan­dy. Ed Şi­ran ýy­lyň sun­gat iş­gä­ri hem-de ýy­lyň er­kek sun­gat iş­gä­ri diý­len ugur­lar­da ge­çen ýyl 13 baý­rak ga­za­nan Dreýk­den, Kend­rik La­mar­dan hem-de Bru­no Mars­dan öňe saý­lan­dy. Rep aý­dym­çy­sy Kend­rik La­mar bol­sa, rep ug­run­da­ky esa­sy sy­lag­la­ry – ýy­lyň rep sun­gat iş­gä­ri, ýy­lyň er­kek rep sun­gat iş­gä­ri hem-de ýy­lyň rep al­bo­my baý­rak­la­ry­ny eýe­le­me­gi ba­şar­dy.
Ýy­lyň ze­nan sun­gat iş­gä­ri baý­ra­gy­na ame­ri­ka­ly Teý­lor Swift my­na­syp bol­dy. Owa­dan aý­dym­çy bu hor­ma­ta 3-nji ge­zek la­ýyk gö­rül­di. Şeý­le-de aý­dym­çy­nyň “Re­pu­ta­ti­on” at­ly al­bo­my-da iň köp sa­tyn al­nan al­bom baý­ra­gy­nyň eýe­si bol­dy. Ýy­lyň tä­ze sun­gat iş­gä­ri diý­lip, Kha­lid saý­lan­dy. Ol bu ugur­da 21 Savage, Ka­mi­lo Ka­bel­lo, Car­di B hem-de Ko­dak Black ýa­ly aý­dym­çy­lar­dan ta­pa­wut­lan­dy. “Ima­gi­ne Dra­gons”-yň ýy­lyň to­pa­ry saý­la­nan da­ba­ra­syn­da Lu­is Fon­si bi­len Dad­dy Yan­kee-­niň hem-de Jas­tin Bi­be­riň bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän “Des­pacito” aý­dy­my “Top Hot 100 Song” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Bu aý­dym iň köp sa­tyn al­nan aý­dym hök­mün­de-de ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Jas­tin Bi­ber, Lu­is Fon­si, Dad­dy Yan­kee, Bru­no Mars da­gy 5 sa­ny “Bill­board” heý­kel­ji­gi­ni eýe­le­me­gi ba­şar­dy. Kel­li Klark­so­nyň alyp ba­ran da­ba­ra­syn­da Aria­na Gran­de, Dua Li­pa, Şawn Men­des, Kha­lid, Jon Le­jend, De­mi Lo­wa­ta, Ed Şi­ran, Kris­ti­na Agi­le­ra, Jen­ni­fer Lo­pez, DJ Kha­led, Ja­net Jek­son, Ka­mi­la Ka­bel­lo ýa­ly ýyl­dyz­lar öz­le­ri­niň söý­gü­li aý­dym­la­ry bi­len çy­kyş edip, şol ýe­re ýyg­na­nan­la­ra uly şat­lyk paý­la­dylar.