Re­žiss­ýo­ry: De­wid Leitç; Keşp­ler­de: Ra­ýan Reý­nolds, Joş Bro­lin, Mo­re­na Baç­ça­rin, Ju­li­an Den­ni­son, Za­zi Bitz, T.J. Mil­ler, Brian­na Hil­deb­rand, Jek Ke­si; Prod­ýu­ser­le­ri: Saý­mon Kin­berg, Ra­ýan Reý­nolds, Lau­ren Şu­ler Don­ner; Sse­na­ri­çi­le­ri: Rett Riz, Pol Wer­nik, Ra­ýan Reý­nolds; Kom­po­zi­to­ry: Taý­ler Ba­tes; Ön­dü­ri­ji: “Marvel En­ter­ta­in­ment”, “Kin­berg Gen­re”, “The Don­ners’ Com­pa­ny”; Paý­laý­jy: “20th Cen­tu­ry Fox”; Do­wam­ly­ly­gy: 119 mi­nut; Gör­nü­şi: uruş­ly, ko­me­di­ýa, fan­tas­tik; Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 110 mil­li­on $.

“Marvel”-iň beý­le­ki hy­ýa­ly gah­ry­man­la­ryn­dan ed­ýän he­re­ket­le­ri bi­len, özü­ni alyp­ ba­ry­şy bi­len düýpgöter ta­pa­wut­lan­ýan “Ded­pu­lyň” bi­rin­ji fil­mi hem bi­ler­men­ler­den, he­mem to­ma­şa­çy­lar­dan ýo­ka­ry ba­ha al­ypdy. Öz görk-gör­me­gi­ni ýi­ti­rip, mu­tan­ta öw­rü­len Weýd Wil­sonyň ýa-da has ýör­gün­li ady Ded­pu­lyň tä­ze baş­dan ge­çir­me­le­ri­ne De­wid Leitç re­žiss­ýor­lyk ed­ýär. Film­de baş keş­bi ýe­ne-de Ra­ýan Reý­nolds jan­lan­dyr­ýar. Oňa 2 sa­ga­da go­laý bu baş­dan ge­çir­me­de Joş Bro­lin, Mo­re­na Baç­ça­ri­n, Ju­li­an Den­ni­son, Za­zi Bitz, T.J. Mil­ler da­gy ýol­daş­lyk ed­ýär. Ka­na­da­nyň Wan­ku­wer we Mon­re­al şä­her­le­rin­de su­ra­ta al­nan fil­miň býu­je­ti 110 mil­li­on dol­la­ra deň­dir. Film hä­zir­ki gü­ne çen­li 300 mil­li­on dol­lar­dan köp kas­sa ýy­gy­my­ny top­la­dy. 2016-njy ýyl­da Tim Mil­ler ta­ra­pyn­dan 58 mil­li­on dol­la­ra ek­ran­laş­dy­ry­lan 1-nji film pro­kat­dan 785 mil­li­on dol­la­ra go­laý gir­de­ji ga­za­nyp­dy.