NE “REALYŇ”,
NE-DE “BARSELONANYŇ”,
PSŽ-NIŇ ÝYLDYZLARYNYŇ
AGŞAMY
Iki to­par mun­dan ozal 11 ge­zek du­şu­şyp­dy. Şo­la­ryň 2-si Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň çäk­le­rin­de bo­lup, Ar­gen­ti­na 1930-njy ýyl­da 1–0, 1978-nji ýyl­da-da 2–1 ýe­ňip­di.
Bu du­şu­şyk Fran­si­ýa­nyň tä­lim­çi­si Di­die De­şa­myň 80-nji oý­ny bo­lup, ol 50-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. 2012-nji ýyl­dan bä­ri fran­suz­la­ra tä­lim ber­ýän De­şam 49 ýe­ňiş­li Raý­mond Do­me­nek­den öňe saý­lan­dy.
Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky iň uly du­şu­şyk­la­ryň ha­ta­ry­na gi­ren bu oýun­da Ki­li­an Mbap­pe 1958-nji ýyl­da fi­nal­da Şwe­si­ýa­nyň to­run­dan 2 gol ge­çi­ren bra­zi­li­ýa­ly Pe­le­den soň, 1 du­şu­şyk­da 2 ge­zek ta­pa­wut­la­nan ilkinji ýaş fut­bol­çy diý­lip ha­sa­ba alyn­dy.
Ar­gen­ti­na 1986-njy ýyl­dan bä­ri 1 du­şu­şyk­da 3 gol ge­çi­ri­bem ýeň­li­şe se­ze­war bo­lan il­kin­ji to­par bol­dy. 1986-njy ýyl­da Bel­gi­ýa–SSSR du­şu­şy­gyn­da öň­ki So­ýu­zyň ýy­gyn­dy­sy 3 gol (3-si­ni hem Be­la­now der­we­zä sa­lyp­dy) ge­çir­se-de, 4–3 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di.
7 go­luň ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyn­da ýaş ýyl­dy­zy Ki­li­an Mbap­pe­niň uly go­şan­dy bi­len ýe­ňiş ga­za­nan Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 8-nji sa­par (1938, 1958, 1982, 1986, 1998, 2006, 2014, 2018) çär­ýek fi­na­lyň we­ki­li bol­dy.
* * *
1966-njy we 1972-nji ýyl­larda 2 ge­zek du­şu­şan Urug­waý bi­len Por­tu­ga­li­ýa­nyň şol ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­nyň bi­rin­ji­sin­de ýew­ro­pa­ly­lar 3–0 ýe­ňiş ga­za­nan bol­sa, 2-nji oýun deň­lik­de ta­mam­lan­dy.
Urug­wa­ýyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da­ky il­kin­ji 4 du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar 1-nji Dün­ýä Ku­bo­gyn­da-da il­kin­ji 4 du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp, soň­lu­gy bi­len Dün­ýä­niň il­kin­ji çem­pio­ny di­ýen ady eýe­läp­di­ler.
Por­tu­ga­li­ýa­ly Pe­pe Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da ta­pa­wut­la­nan iň ýa­şu­ly por­tu­gal fut­bol­çy­sy bol­dy (35 ýaş, 124 gün).
Ýyl­dyz hü­jüm­çi­si Edin­son Ka­wa­ni­niň 2 owa­dan go­ly bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan dün­ýä­niň 2 ge­zek çem­pio­ny Urug­waýyň mil­li to­pa­ry 7-nji ge­zek (1930, 1950, 1954, 1966, 1970, 2010, 2018) iň go­wy 8 ýy­gyn­dy­nyň ara­sy­na ady­ny ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­dy.
ÝER EÝELERINIŇ TARYHY ÝEŇŞI
Rus­si­ýa bi­len Is­pa­ni­ýa ozal 6 du­şu­şyk ge­çi­rip, is­pan­lar 4 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. 2 oýu­n hem deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Is­pa­ni­ýa bi­len SSSR hem 5 ge­zek du­şu­şyp, şo­lar­da is­pan­lar di­ňe 1 ge­zek utul­dy.
Is­pa­nlar 3-nji ge­zek Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da pe­nal­ti­ler­den soň, öý­le­ri­ne do­lan­dy. Olar 1986-njy ýyl­da Bel­gi­ýa­dan, 2002-nji ýyl­da ýer eýe­le­ri Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan pe­nal­ti­ler­den soň ýeň­lip­di. Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2002-nji ýyl­da 2-nji tap­gyr­da Ir­lan­di­ýa­ny pe­nal­ti­ler­den soň, ýe­ňip­di.
Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na şu wag­ta çen­li Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da ýer eýe­le­ri­ni ýeň­mek ba­şart­ma­dy. Ma­ta­dor­lar 1934-nji ýyl­da Ita­li­ýa­dan 1–0, 1950-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­dan 6–1, 2002-nji ýyl­da-da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­dan pe­­nal­ti­ler­den soň utu­lyp­dy.
Ta­ry­hyn­da il­kin­ji ýo­la to­par­ça­dan çy­kan Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy oza­ky So­ýu­zy ha­sa­ba al­ma­nyň­da, il­kin­ji ge­zek çär­ýek fi­nal­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy.
12-nji mi­nut­da ýal­ňyş­lyk bi­len öz der­we­ze­sin­den gol ge­çi­ren Ser­geý Ig­na­şe­wiç Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da aw­to­gol eden iň ýa­şu­ly fut­bol­çy bol­dy (38 ýaş 352 gün).
Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek to­par­lar 4-nji oýun­çy çal­şy­gy­ny ge­çir­di (Rus­si­ýa­nyň dü­zü­min­de 97-nji mi­nut­da Alek­sandr Ýe­ro­hin, is­pan­lar­da­nam 104-nji mi­nut­da Rod­ri­go oý­na gir­di).
Oýun­dan soň­ky pe­nal­ti­le­riň has kö­pü­si­ni dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ren Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy SSSR-i hem ha­sa­ba ala­nyň­da 5-nji ge­zek (1958, 1962, 1966, 1970, 2018) çär­ýek fi­nal­da çy­kyş etmäge hukuk gazandy.
* * *
Da­ni­ýa bi­len Hor­wa­ti­ýa mun­dan ozal 5 ge­zek ga­bat­la­şyp, her­si 2 ge­zek­den ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Oýun­dan soň­ky pe­nal­ti­ler­de Da­ni­ýa­dan 3–2 öňe saý­la­nan Hor­wa­ti­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da 2-nji çär­ýek fi­na­la çyk­dy (1998, 2018). Du­şu­şy­gyň 114-nji mi­nu­tyn­da emin Nes­tor Pi­ta­na­nyň bel­län pe­nal­ti­ ur­gu­sy­ny Lu­ka Mod­ri­ç dürs urup bil­me­di. Der­we­ze­çi Kasper Şmeý­hel sak­la­ma­gy ba­şar­dy.
Hor­wa­ti­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çär­ýek fi­nal­da Rus­si­ýa bi­len du­şu­şar. Bu ola­ryň 5-nji gat­naş­ýan Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da­ky ýer eýe­le­ri bi­len 3-nji ga­bat­laş­ma­sy­dyr. Hor­wat­lar şo­la­ryň 2-sin­de hem ýer eýe­le­rin­den as­gyn ge­li­ip­di. 1998-nji ýyl­da ýa­rym fi­nal­da Fran­si­ýa­dan 2–1, 2014-nji ýyl­da-da açy­lyş du­şu­şy­gyn­da Bra­zi­li­ýa­dan 3–1 utu­lyp­dy.

BELGIÝA SOŇKY PURSATDA
Bel­gi­ýa bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ozal­ky 5 du­şu­şy­gyn­da azi­ýa­ly­lar 2, ýew­ro­pa­ly­lar 1 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Iki­si 2002-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da-da ga­bat­la­şyp­dy we şol oýun 2–2 deň­lik­de gu­ta­ryp­dy.
Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 1966-njy ýyl­dan bä­ri utu­lan-çyk­dy tap­gy­ryn­da esa­sy wagt­da to­run­dan 2 gol ge­çir­dip, ahy­ryn­da-da ýe­ňiş ga­za­nan il­kin­ji to­par­dyr. 1966-njy ýyl­da De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 25 mi­nut­da 3 pök­gi ge­çi­rip, so­ňun­da-da Por­tu­ga­li­ýa­dan 5–3 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip­di.
Şeý­le-de iň soň­ky sa­par 1970-nji ýyl­da Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy gar­şy­da­şy Ang­li­ýa­nyň 2–0 öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan esa­sy wagt­da ha­sa­by deň­läp, goş­ma­ça ýa­rym sa­gat­da-da ýe­ňiş pök­gü­si­ni ge­çi­rip­di (3–2).
1998-nji ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li gat­naş­ýan Ýa­po­ni­ýa 6 gol ge­çi­rip, iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­si­ni ga­zan­dy.
Soň­ky ýyl­la­ryň iň ýat­da ga­ly­jy du­şu­şyk­la­ry­nyň biri bolan bu oýun­da Bel­gi­ýa soň­ky se­kunt­lar­da ýe­ňiş go­lu­ny ge­çi­rip, 2-nji tap­gy­ra çy­kan ýe­ke-täk azi­ýa­ly ýy­gyn­dy bo­lan Ýa­po­ni­ýa­ny 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bel­gi­ýa bas­syr 2-nji, umu­my­lyk­da-da 3-nji ýo­la (1986, 2014, 2018) çär­ýek fi­nal­çy bol­dy.
* * *
Şwe­si­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa mun­dan ozal öza­ra 28 du­şu­şyk ge­çi­r­di. Ýö­ne Dün­ýä Ku­bo­gyn­da il­kin­ji sa­par ga­bat­laş­dy­lar. Öň­ki 28 oýun­da her ýy­gyn­dy hem 10 ge­zek­den ýe­ňiş ga­za­n­dy.
1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan şwed­ler 1994-nji ýyl­dan soň, 1-nji ýo­la çär­ýek fi­nal­çy bol­dy.
Şwe­si­ýa­nyň der­we­ze­çi­si Ro­bin Ol­sen şu çem­pio­nat­da 3 du­şu­şyk­da to­ru­na pökgi goý­ber­me­di. On­dan öň Şwe­si­ýa­dan Kal­le Swens­son 1958-nji ýyl­da hem-de Ron­ni Hellst­röm 1974-nji ýyl­da şeý­le ne­ti­je gör­ke­zip­di.
Fors­ber­giň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Şwe­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 6-njy (1934, 1938, 1950, 1958, 1994, 2018) ge­zek çär­ýek fi­nal­da çy­kyş eder.

BRAZILIÝANYŇ TÄZE REKORDY
Mun­dan ozal­ky 40 du­şu­şyk­da Bra­zi­li­ýa 23, Mek­si­ka 10 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da-da 5-nji ge­zek ga­bat­la­şan iki to­pa­ryň öň­ki oýun­la­ryn­da Bra­zi­li­ýa 4–0 (1950), 5–0 (1954), 2–0 (1962) ha­sap­la­ry bi­len ut­dy. 2014-nji ýyl­da­ky oýun­dan bol­sa, gol se­si çyk­man­dy.
Mek­si­ka­nyň ýy­gyn­dy­sy Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da yz­ly-yzy­na 7-nji ge­zek, baş­ga­ça aý­dy­lan­da, 1994-nji ýyl­dan bä­ri 2-nji tap­gyr­da utu­lyp, ýa­ryş­dan çyk­ýar. Ol Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da şeý­le an­ti­re­kord gör­ke­zen ýe­ke-täk to­par­dyr.
Bu du­şu­şyk­da 2 gol­dan soň, Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da ge­çi­ren gol­la­ry­nyň sa­ny 228-e ýet­di. Şeý­le­lik­de, olar bu ugur­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan öňe saý­la­nyp, 1-nji or­na geç­di.
Neý­ma­ryň 1 gol, 1 asis­ti bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 16-njy (1938, 1950, 1954, 1958, 1962, 1970, 1974, 1978, 1986, 1994, 1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018) sa­par çär­ýek fi­nal­da oý­nar.

BU GEZEK BAŞARTDY
Ang­li­ýa bi­len Ko­lum­bi­ýa mun­dan ozal 5 du­şu­şyk ge­çi­rip, şo­lar­da fut­bo­lyň wa­ta­ny­nyň we­kil­le­ri 1 sa­par hem ýe­ňil­män­dir (3 ýe­ňiş, 2 deň­lik). 1998-nji ýyl­da­ky çem­pio­nat­da Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ko­lum­bi­ýa­ny 2–0 ha­sa­byn­da utup­dy.
He­mi­şe oýun­dan soň­ky pe­nal­ti­ler­den ejir çe­ken iň­lis­le­riň­ki bu ge­zek jü­pü­ne düş­di. Ang­li­ýa 1990-njy ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­dan, 1998-nji ýyl­da Ar­gen­ti­na­dan, 2006-njy ýyl­da-da Por­tu­ga­li­ýa­dan pe­nal­ti­ler­den soň utu­lyp, ýa­ryş­dan çy­kyp­dy. Ga­ly­ber­se-de, Ang­li­ýa Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da-da 3 ge­zek pe­nal­ti­ler­den soň ýeň­li­şe se­ze­war bo­lup­dy. Ang­li­ýa 1996-njy ýyl­da Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çär­ýek fi­nal­da is­pan­la­ry pe­nal­ti­ler­den soň utan hem bol­sa, ýa­rym fi­nal­da ne­mes­ler­den pe­nal­ti­ler esa­syn­da ýeň­lip­di. Ang­li­ýa 2004-nji hem-de 2012-nji ýyl­lar­da­ky Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da-da pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de ýaryşdan çykypdy.
Bu ge­zek pe­nal­ti­ler­dä­ki şow­suz­ly­gy­nyň höt­de­sin­den ge­len iň­lis­ler 9-njy ge­zek (1954, 1962, 1966, 1970, 1986, 1990, 2002, 2006, 2018) çär­ýek fi­na­la çyk­dy.