Dün­ýä bel­li rep aý­dym­çy­sy Dreý­kiň tä­ze al­bo­my “Scor­pi­on” re­kord üs­tü­ne re­kord goý­ýar. 31 ýaş­ly aý­dym­çy­nyň tä­ze al­bo­my “Bill­board Hot 100”-iň sa­na­wyn­da iň­lis­le­riň meş­hur to­pa­ry “The Be­at­les”-iň 54 ýyl­lyk re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ka­na­da­ly aý­dym­çy­nyň bu al­bom­da­ky 7 aý­dy­my bir­wagt­da “Bill­board Hot 100”-iň sa­na­wy­nyň il­kin­ji on­lu­gy­na gir­di. Al­bom­da­ky “Nice for What” at­ly aý­dym sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. Aý­dym-saz muş­dak­la­ry­nyň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan bu aý­dym 4-nji ge­zek 1-nji or­ny eýe­le­di. Öň­dä­ki on­lu­ga dü­şen beý­le­ki aý­dym­lar bol­sa şu­lar­dyr: “Nons­top”, “God’s Plan”, “In My Fee­lings”, “I’m Up­set”, “Emo­ti­on­less” hem-de “Don’t Mat­ter To Me”. Şeý­le­lik­de, Dreýk “Bill­board Hot 100”-iň sa­na­wyn­da öň­dä­ki on­lu­ga iň köp aý­dym bi­len ady­ny ýaz­dy­ran aý­dym­çy bo­lup, “Be­at­les”-iň ýarym asyrdan gowrak bäri saklap gelýän re­kor­dy­ny öz adyna geçir­di.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Dreý­kiň tä­ze al­bo­my il­kin­ji hep­de­sin­de-de 1-den köp plat­for­ma­da iň köp diň­le­nen al­bom diý­lip ha­sa­ba al­nyp­dy. “App­le Mu­sic” plat­for­ma­syn­da onuň bu al­bo­my il­kin­ji 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da 170 mil­li­on ge­zek, “Spo­ti­fy” plat­for­ma­syn­da-da 130 mil­li­on ge­zek diň­le­nip, tä­ze re­kord­lar go­ýup­dy.