Milletimiziň beden we ruhy taýdan sagdynlygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy has-da kämilleşip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk desgalarynyň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi netijesinde, bu ulgam täze belentliklere çykdy. Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji iýulynda Saglygy goraýyş we der-man senagaty işgärleriniň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenmegi we bu hünär baýramçylygy mynasybetli bu pudaga degişli täze binalaryň ulanmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi.
Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ynsan saglygy barada edilýän uly aladanyň ylmy esaslary Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – melhemler mekany”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly eserlerinde öz beýanyny tapýar.
Berkarar Türkmenistan döwletimiz mineral suwlara iňňän baý ýurtlaryň biridir. Köpetdagyň, Köýtendagyň jana şypaly jülgelerinde, Hazaryň kenarýaka ýerlerinde, hatda adaty düzlük ýerlerde-de ýodly-bromly, derman suwlaryna, palçygy endam saglygy üçin ýaramly çeşmelere köp gabat gelinýär.
Ýurdumyzda meşhur bolan jana melhem suwly “Arçman”, “Mollagara”, “Farap”, “Ýyly suw”, “Berzeňňi” şypahanalary, bahar-ýaz aýlarynda täsin güneşi melhem “Baýramaly” şypahanasy indi ençeme ýyllardan bäri raýatlarymyza, uzak ýerlerden gelýän myhmanlara hyzmat edip gelýär.
Raýatlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy döwletiň ösüşleriniň, parahatçylygynyň möhüm şertidir. Biziň halkymyz ähli döwürlerde adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegi üçin aladalanypdyr. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň ýakyndan alada etmeginde tebigatymyzyň iň gözel künjeklerinde täze binaly, ýaşalýan otaglary amatly, bejeriş jaýlary häzirki zamanyň iň kämil anyklaýyş, bejeriş, sport enjamlary bilen üpjün edilen birnäçe şypahanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Ähli şypahanalaryň daş-töwereginde dürli saýaly baglar oturdyldy. Maşk edilýän meýdançalar, ýöriş ýodalary, daga çykylýan basgançaklar dynç alýanlarda çuňňur kanagatlanma döredýär.
Şeýle şypahanalaryň biri “Daşoguz” şypahanasydyr. Mälim bolşy ýaly, şypahananyň çäklerinde tebigy suwuň çeşmesi Günorta Garagum gidrogeologiýa toparynyň buraw işlerini geçirmegi netijesinde, ýüze çykaryldy. Bejeriş suwunyň ýatagynyň çuňlugy 1200 metre we gyzgynlygy 54 derejä barabardyr. “Daşoguz” şypahanasynyň bejeriş suwy ýerasty suwlarynyň bölünişi boýunça himiki düzüminiň esasy aýratynlyklaryna laýyklykda, ýodly we bromly mineral suw hasaplanýar. Bu şypahananyň dürli himiki elementlere baý tebigy mineral suwy bogun, bilagyry, daşky nerw we endokrin ulgamlarynyň keselleri, şeýle hem polinewropatiýa, monanewropatiýa we beýlekiler bejerilende giňden ulanylýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan islendik täzeçil ýörelgeleriň baş maksadynyň halkymyzyň ömrüni uzaltmakdan hem-de saglygyny gowulandyrmakdan, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny belleýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar diňe bir häzirki zaman enjamlary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen lukmanlarynyň hünär derejesiniň döwrüň talabyna laýyk ýokarlanýandygyny, bejerişiň täze, häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylýandygyny we näsaglara dünýä lukmançylygynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň edilýändigini alamatlandyrýar. Halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygynyň iň möhüm görkezijileriniň biri hasaplanýar. Sagdyn adam-jemgyýetiň gymmatly baýlygy. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy mesele halkyň saglygyny goramakdan ybaratdyr. Oňa durmuş ykdysady we lukmançylyk çäreleriň toplumy degişli bolup, bu meseläniň esasy – keseliň öňüni almakdan hem-de adamlaryň saglygyny gorap saklamakdan ybaratdyr. Türkmenistan döwletimizde ynsan saglygyna aýratyn üns berlip, bu ugurda uly öňegidişlikler gazanyldy. Ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Il saglygy – ýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglyk ulgamyndaky ýetilen bu belent sepgitler her bir türkmen raýatyny begendirýär, buýsandyrýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanda goý, mydama sagdynlyk hem agzybirlik höküm sürsün!
Ejeş Amanowa,
Görogly etrap hassahanasynyň
bölüm müdiri.