Ispan medeniýetiniň iň görnükli şahsyýetleriniň biri, şahyr, dramaturg, sazanda, suratkeş Federiko Garsia Lorka 1898-nji ýylyň 5-nji iýunynda dünýä inýär. Onuň ilkinji şahyrana ýygyndysy “Duýgular we manzaralar” ady bilen 1918-nji ýylda neşir edilýär. Ýene-de bir ýyldan şahyr Granadadan Madride gidýär we paýtagtyň uniwersitetinde suratkeş Salwador Dali, Luis Benýuel we ilkinji pýesasy “Kebelegiň owsunyny” ýazmagyna sebäp bolan “Eslawa” teatrynyň direktory Gregorio Martines Sýerra dagy bilen tanyş bolýar.
Soňky ýyllarda suratkeşleriň arasynda hem görnükli orny eýelän Garsia Lorkanyň “Sygan romanslary” ýaly täze şahyrana eserleri neşir edilýär. 1931-nji ýylda şahyr talyplaryň “La Barraca” teatrynyň direktorlygyna bellenilýär. Ol bu ýerde “Ganly toý”, “Ýerma” we “Bernard Albanyň öýi” ýaly iň meşhur pýesalaryny döredýär. Soňra ol käbir sebäplere görä, Madridden Granada dolanýar. Şahyr 1936-njy ýylyň 18-nji awgustynda aradan çykýar.
Eger-de maňa söýgi, adamlaryň bolşy, dünýäniň gurluşy birsyhly ejir berýänem bolsa, men özümiň baş kanunym – şatlygymdan hiç haçan ýüz döndermerin.
Diňe syrlar bizi ýaşamaga mejbur edýär.
Garlawajyň ugursyz uçuşyny gurbaganyň berk tankyt edýändigini berk belläň.
Sözüň gurluşy we ýaňlanyşy, onuň manysy ýaly syrlydyr.
Şahyryň wezipesi – okyjyny ruhlandyrmak, sözüň hakyky manysynda joşdurmakdyr.
Ýatlamalar ýaly başga müdimilik zat ýokdur.