Bolliwudyň Oskary hasaplanýan Halkara hindi film baýraklarynda (IIFA) “Siziň Suluňyz” (Tumhari Sulu) atly kino ýeňiji boldy. Her ýyl başga-başga ýurtlarda geçirilýän IIFA baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy bu ýyl Tailandda guraldy. “Bareliniň süýji tagamy” (Bareilly Ki Barfi), “Hindi mekdebi” (Hindi Medium), “Nýuton” (Newton), “Päk söýgi” (Toilet: Ek Prem Katha) kinolaryndan öňe saýlanan “Siziň Suluňyz” filminde baş keşbi Widýa Balan janlandyrýar. “Hindi mekdebi” filmini surata düşüren Saket Çaudhary iň gowy režissýor, şol ekran eserinde baş keşbi janlandyran Irrfan Kan iň gowy aktýor, “Ene” (Mom) filminiň ýyldyzy, golaýda aradan çykan Sridewi iň gowy aktrisa baýraklaryna laýyk görüldi. 20-nji gezek geçirilen IIFA baýraklarynda Bolliwudyň ussat aktýory Anupam Kher “Ömürboýy başarnyk” baýragy bilen sylaglanyldy.
“Bharat” atly Bolliwud filminde Hindistanyň tanymal artistleri Salman Han bilen Priýanka Çopra baş keşpleri janlandyrarlar. Ali Abbas Zafaryň öz ssenarisi esasynda režissýorlyk etjek kinosy herektli, uruşly görnüşde bolup, ol geljek ýylyň iýun aýynda prokata çykarylar. Režissýor Salman Han bilen “Sultan”, “Tiger Zinda Hai”, Çopra bilenem “Gunday” filminde bile işleşipdi. Salman Han bilen Priýanka Çopra bolsa, “Mujhse Shaadi Karogi”, “Salaam-e-Ishq: A Tribute To Love” ýaly filmlerde-de bilelikde çykyş edipdi. 2014-nji ýylda ekranlara çykan “Kakama bagyşlanan gazal” (Gukjesijang) atly koreý filminiň rimeýki bolan bu kinoda Salman Han bilen Priýanka Çopradan başga-da Dişa Patani, Sunil Grower, Aasif Şeih, Tabu ýaly artistler hem surata düşer. Golaýda filmiň önümçiligine başlanyp, ol Abu Dabi, Penjab, Täze Deli şäherlerinde hem-de Ispaniýa döwletiniň käbir sebitlerinde surata alnar.
Oskarly aktýor Gari Oldman bilen meşhur ispaniýaly aktýor Entoni Banderas “Netflix”-iň täze filminde bilelikde surata düşerler. Ady belli edilmedik film Pulitzer baýragynyň eýesi, žurnalist Jeýk Bernsteiniň “Secrecy World: Inside The Panama Papers Investigation” atly ýazgylar toplumy esasynda ekranlaşdyrylar. Filme tanymal kinoçy Stiwen Soderbergiň režissýorlyk etmegine garaşylýar. Bu ekran eseriniň ssenarisini Skott Z. Börns ýazar. Film öňümizdäki ýyl “Netflix” platformalarynda peýda bolar.