Re­žiss­ýo­ry: An­tu­an Fu­kua; Keşp­ler­de: Den­zel Wa­şing­ton, Ped­ro Pas­kal, Eş­ton San­ders, Bill Pull­man, Me­lis­sa Leo, Sa­ki­na Jaff­reý, Or­son Bin; Prod­ýu­ser­le­ri: Todd Blek, Jeý­son Blu­men­tal, Den­zel Wa­şing­ton, Aleks Sis­kin, Stiw Tiş, An­tu­an Fu­kua, Meýz Neu­feld, To­ni Eld­rij, Maýkl Sloan; Sse­na­ri­çi: Ri­çard Wenk; Kom­po­zi­to­ry: Har­ri Greg­son-Wil­liams; Ön­dü­ri­ji: “Colum­bia Pictu­res”, “Escape Ar­tists”, “Zhiv Pro­ductions”, “Mace Neu­feld Pro­ductions”, “Pictu­re Farm”; Paý­laý­jy: “So­ny Pictu­res Re­lea­sing”; Do­wam­ly­ly­gy: 121 mi­nut; Gör­nü­şi: tril­ler, uruşly;
Ýur­dy: ABŞ; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 62 mil­li­on $.

1980-nji ýyl­la­ryň te­le­se­ria­ly esa­syn­da il­kin­ji­si 2014-nji ýyl­da su­ra­ta dü­şü­ri­len “Saz­laý­jy” fil­mi­niň 2-nji­si hem ek­ran­lar­da peý­da bol­dy. Bu ge­ze­gem ka­me­ra­nyň ar­ka ta­ra­pyna An­tu­an Fu­kua geçip, baş keşp­de-de os­kar­ly us­sat akt­ýor Den­zel Wa­şing­ton su­ra­ta düş­di. Ri­çard Wen­kiň sse­na­ri­si esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ry­lan fil­miň su­ra­ta dü­şü­ri­liş iş­le­ri Mas­sa­çu­setts şta­tyn­da hem-de Tür­ki­ýä­niň Stam­bul şä­he­rin­de al­nyp ba­ryl­dy. 121 mi­nut­lap do­wam ed­ýän film­de Den­zel Wa­şing­to­na os­kar­ly akt­ri­sa Me­lis­sa Leo, Ped­ro Pas­kal, Eş­ton San­ders, Bill Pull­man da­gy hem ýol­daş­lyk ed­ýär. 62 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edi­len ki­no il­kin­ji hep­de­sin­de ga­ra­şy­ly­şyn­dan pes­räk gir­de­ji top­la­dy. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň pro­kat­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­le­di.
1-nji film­de kä­bir me­se­le­ler bo­ýun­ça ejir çek­ýän­le­riň da­dy­na ýe­ti­şen Ro­bert Mak­Koll ýe­ne-de şol işi­ni do­wam et­dir­ýär. Bi­düz­gün­çi­lik­le­ri öz usu­ly bi­len dü­zet­mä­ge sy­na­nyş­ýan Mak­Koll kö­ne dos­ty Su­san Plam­me­riň öl­dü­ril­me­gin­den soň, ýe­ne-de öň­ki ýo­lu­na do­lan­ma­ly bol­ýar…