Dok­ma se­na­ga­ty Türk­me­nis­ta­nyň iň ne­ti­je­li iş­le­ýän we gel­je­gi uly bo­lan pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Soň­ky ýyl­lar­da bu pu­dak­da al­nyp ba­ry­lan iş­le­riň my­sa­lyn­da hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kuw­wat­lan­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tu­tum­la­ra dok­ma se­na­ga­ty­nyň sal­dam­ly go­şan­dy­nyň bar­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Şo­nuň üçin her ýyl­da ýurt möç­ber­li da­ba­ra­la­ra bes­len­ýän Dok­ma se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­si Türk­me­nis­ta­nyň de­giş­li ul­gam­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň öz­bo­luş­ly göz­den ge­çi­ri­li­şi­ne öw­rül­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 20-nji maý­da­ky mej­li­sin­de hem bu ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Mej­lis­de ber­len mag­lu­ma­ta gö­rä, 2016-njy ýy­lyň 4-5-nji iýu­nyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de dok­ma se­na­ga­ty­nyň in­no­wa­si­on ösü­şi­ne ba­gyş­la­nan hal­ka­ra ser­gi­si gu­ra­lar. Ser­gi­de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky kär­ha­na­la­ryň ön­dür­ýän dür­li önüm­le­ri gör­ke­zi­ler, şeý­le-de da­şa­ry ýurt­ly ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň, ýag­ny dün­ýä­niň 11 ýur­dun­dan kom­pa­ni­ýa­la­ryň 50-ä go­la­ýy bu ul­gam­da tä­ze iş­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­lär. Hal­ka­ra ser­gi­si myh­man­la­ry­my­zy bu pu­dak­da Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy­rar, hyz­mat­daş­lar bi­len mö­hüm işe­wür du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mä­ge, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Aş­ga­bat­da her ýyl ge­çi­ril­ýän pu­dak­la­ýyn hal­ka­ra ser­gi­si dün­ýä­de dok­ma pu­da­gy­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň ara­syn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Olar üçin dur­nuk­ly ös­ýän türk­men ba­za­ry ne­ti­je­li öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, hyz­mat­daş­lyk et­me­giň tä­ze ugur­la­ry­ny saý­la­mak üçin bu ýer­de he­mi­şe art­ýan müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len aý­ra­tyn özü­ne çe­ki­ji­dir.
Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­lar kuw­wat­ly dok­ma se­na­ga­ty bo­lan döw­let hök­mün­de or­nu­ny ber­kid­ýän hem-de dün­ýä ba­za­ryn­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýän ýur­du­my­zyň eg­sil­mez kuw­wa­ty­ny we müm­kin­çi­li­gi­ni örän aý­dyň be­ýan ed­ýär. Mu­ňa iň oňat in­že­ner­çi­lik çöz­güt­le­ri esa­syn­da hem-de teh­ni­ka­nyň iň tä­ze ga­za­nan­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan, pu­da­gyň soň­ky bäş ýy­lyň do­wa­myn­da bi­na edi­len 10-­dan gow­rak tä­ze kär­ha­na­la­ry my­sal bo­lup dur­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da GDA ýurt­la­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­na­ba­dyň we Aba­da­nyň iň uly pag­ta eg­ri­ji fab­rik­le­ri hem bar. Dok­ma top­lu­my­nyň her bi­ri­niň ýa­nyn­da he­re­ket ed­ýän tej­ri­be bö­lüm­le­ri­niň bin­ýa­dyn­da çe­per­çi­lik we be­zeg taý­dan mil­li däp­le­re dö­re­di­ji­lik­li üns ber­mek ar­ka­ly mo­de­lir­le­me­giň we gö­zel­lik dö­ret­me­giň mil­li mek­de­bi üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Şol ösüş­ler hem hal­ka­ra ser­gi­sin­de bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len şöh­le­len­di­ril­ýär.
Dok­ma se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­si ýur­du­myz­da çy­ka­ryl­ýan dür­li gör­nüş­li tä­sin gal­dyr­ýan önüm­le­ri özün­de jem­le­ýär. Pag­ta sü­ýüm, nah ýüp­lük we ma­ta­lar, taý­ýar ti­kin we tri­ko­taž önüm­le­ri, ça­ga­lar we ulu­lar üçin jin­si ly­bas­la­ryň giň gör­nüş­le­ri, ýü­pek ýüp­lük we sa­pak­lar, pan­bar­hat, mil­li ke­te­ni ma­ta­la­ry we el­de do­ka­lan tä­sin ýü­pek ha­ly­lar ýur­du­my­zyň dokma pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň di­war­lyk­la­ryn­da gör­ke­zil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len bu gün­ki gün­de ägirt uly eks­port kuw­wa­ty­na eýe bo­lan dok­ma se­na­ga­ty ýur­du­my­zyň gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň üs­tün­lik­li se­na­gat­laş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, pu­da­gyň önüm­çi­lik dü­zü­mi düýp­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. Bu iş­ler ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň 2016-njy ýy­la çen­li we 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da, we­la­ýat­la­ry se­na­gat taý­dan ös­dür­me­giň me­ýil­na­ma­la­ryn­da göz öňün­de tu­tu­lan pu­da­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň we­zi­pe­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dok­ma se­na­ga­tyn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler­den söh­bet açyp: “Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len we ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri çy­kar­ýan tä­ze dok­ma top­lum­la­ry hem-de kär­ha­na­lar gu­rul­dy, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da he­re­ket ed­ýän fab­rik­le­riň dur­ky top­lum­la­ýyn tä­ze­len­di hem-de gaý­ta­dan en­jam­laş­dy­ryl­dy” di­ýip, bel­le­mek bi­len, öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri hem kes­git­le­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aý­dy­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň kär­ha­na­la­ry­nyň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, mil­li dok­ma ha­ryt­la­ry­nyň dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak üçin hä­zir ola­ry döw­let de­re­je­sin­de gol­da­mak bo­ýun­ça mak­sa­da gö­nük­di­ri­len çä­re­ler gö­rül­ýär. Ola­ryň hem­me­si ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Şol tu­tum­la­ryň ne­ti­je­sin­de, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek hem-de türk­men ha­ryt­la­ry­ny da­şa­ry ýurt­la­ra ug­rat­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da gel­je­gi uly bo­lan ugur­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­mek we gi­ňelt­mek bo­ýun­ça mak­sa­da ok­gun­ly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li bu şan­ly se­nä­niň ny­şa­ny ýer­leş­di­ri­len dok­ma önüm­le­ri­ni çy­kar­ma­gy tab­şyr­ma­gy hem bu pu­da­ga be­ril­ýän ün­süň ýo­ka­ry­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Şo­nuň üçin dok­ma se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri öz­le­ri­ne bil­di­ril­ýän yna­my öde­mek üçin yh­las ed­ýär­ler. Bi­zem ola­ryň tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny di­leg ed­ýä­ris!

Aý­gül ADA­ÝE­WA,
A. Ke­ki­low adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk
mek­de­bi­niň di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry.